JEMGYÝET

Türkmenistanyň Prezidenti döwlet sapary bilen Täjigistana bardy

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow çarşenbe güni iki günlük döwlet sapary bilen Täjigistana bardy. Bu barada Täjigistanyň resmi metbugaty habar berdi.

Duşenbe şäheriniň Halkara Howa menzilinde Türkmenistanyň Prezidentiniň sapary mynasybetli iki ýurduň Döwlet baýdaklary galdyryldy. Türkmenistanyň Döwlet Baştutanyny Täjigistanyň Premýer-ministri Kohir Rasulzoda we beýleki resmi adamlar garşyladylar.


Habarda bellenilişi ýaly, soňra howa menzilinde Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow bilen täjik tarapynyň resmi wekiliniň gysga wagtlyk söhbetdeşligi boldy.

Täjigistanyň paýtagty Duşanbe şäherinde 8-9-njy maý aralygynda türkmen-täjik işewürlik forumy, Täjigistan bilen Türkmenistanyň işewürler geňeşiniň ilkinji mejlisi we iki ýurduň eksport harytlarynyň sergisi geçirildi.

Related posts

Deprekçi Bill Riefling aradan çykdy

Ata Watan Eserleri

Koreýa Respublikasynyň täze ilçisi Türkmenistanda wezipesine girişdi

Rifat Hisarjyklyoglu: TransHazar tebigy gaz geçirijisi taslamasy üçin köp iş alyp barýarys

Leave a Comment