DÜNÝÄ

Türkmenistan-Katar: atçylyk ulgamynda hyzmatdaşlyk

Katar Döwletiniň Doha şäherine Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasynyň rektory Pygy Baýramdurdyýewiň ýolbaşçylygynda türkmen wekiliýetiniň gulluk iş sapary boldy. Oňa ýurdumyzdan Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň hem-de Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasynyň wekilleri gatnaşdylar.

Saparyň dowamynda türkmen wekiliýetiniň Katar Döwletiniň Bilim ministrliginiň ýolbaşçylary
hem-de Katar atçylyk federasiýasynyň prezidenti Bader Mohammed Al Darwish, «Gelejekdäki atşynaslar» atçylyk okuw merkeziniň direktory Abdulla Mohammed Al Marri, «Al Şakab» atçylyk merkeziniň işleri ynanylan wekili Fahd Al Hajiri bilen duşuşyklary geçirilip, degişli ugurda tejribe alyşmak, atçylyk ulgamynda seýisçilige we okatmagyň usulyýetine degişli halkara derejesinde hyzmatdaşlyk etmek boýunça meselelere seredildi. Bilim ulgamynda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlyk etmek barada maslahat edildi. Duşuşygyň çäklerinde ýakyn günlerde Türkmenistana katar wekiliýetiniň iş sapary bilen geljekdigini bellenildi.

Türkmenistanyň Katar Döwletindäki ilçihanasynyň guramagynda amala aşyrylan saparyň maksady seýisçilik, atçylyk, weterinar arassaçylygy we barlagy, weterinar lukmançylygy (atçylykda), milli at üstündäki oýunlar, atly sport we syýahatçylyk taýýarlygyň ugurlary we hünärleri boýunça bilim maksatnamalaryny, standartlaryny, okuw meýilnamalaryny, okuw maksatnamalaryny dünýäniň öňdebaryjy ýokary okuw mekdepleriniň tejribesine laýyklykda kämilleşdirmekden ybarat boldy.

Ýene-de okaň

Türkmen ilçisi Gruziýanyň Içeri işler ministri bilen duşuşdy

Türkmenistan Bakudaky adam hukuklary boýunça ygtyýarly wekilleriň halkara forumyna gatnaşdy

Türkmenistanyň wekiliýeti ÝUNESKO-nyň baş assambleýasyna gatnaşdy

Ata Watan Eserleri

Gökderede ýaş ýangyn söndürijileriň bäsleşigi geçirildi

Ata Watan Eserleri

Kýurasao milli ýygyndysy Ginnesiň rekordlar kitabyna girdi

Türkmenistan kreatiw we döredijilik boýunça halkara maslahata gatnaşdy