JEMGYÝET

Türkmenistanyň Prezidenti BMG-niň Awaza forumyna gatnaşdy

«Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda Birleşen Milletler Guramasynyň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça üçünji maslahaty resmi taýdna öz işine başlady. Onuň işine Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow gatnaşdy.

“Atawatan Media” toparynyň hem gatnaşýan hem-de “Awaza” sport toplumynda geçirilýän halkara foruma dünýäniň 100-den gowrak döwletinden köp sanly ýokary derejeli wekiliýet gatnaşýar. Olaryň hatarynda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş sekretary Antoniu Guterriş, BMG-niň Baş Assambleýasynyň 79-njy mejlisiniň başlygy Filemon Ýang, Özbegistanyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew, Täjigistanyň Prezidenti Emomali Rahmon, Gazagystan Respublikasynyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýew, Gyrgyz Respublikasynyň Ministrler Kabinetiniň Başlygy Adylbek Kasymaliýew, Ermenistanyň Prezidenti Waagn Haçaturýan, Azerbaýjanyň Premýer-ministri Ali Asadow, Gruziýanyň Hökümet Başlygy we beýleki ýokary derejeli wekiliýetler bar.

«Hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny goldamak arkaly ösüşe ýardam bermek» diýen mowzugynda geçirilen maslahatda Türkmenistanyň Prezidenti çykyş etdi. Maslahata başlyklyk edýän hormatly Prezidentimiz çykyşynda foruma gatnaşyjy döwletleriň arasynda söwda-ykdysayd gatnaşyklary ösdürmegiň giň ugurlary boýunça birnäçe başlangyçlary öňe sürdi. Olaryň hatarynda söwda gatnaşyklaryň işjeňleşdirilmegi, wodorod energetikasy we beýleki ugurlar bar.

Şeýle hem forumda  Birleşen Milletler Guramasynyň Baş sekretary Antoniu Guterriş, BMG-niň Baş Assambleýasynyň 79-njy mejlisiniň başlygy Filemon Ýang, Özbegistanyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew, Täjigistanyň Prezidenti Emomali Rahmon, Gazagystan Respublikasynyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýew, Gyrgyz Respublikasynyň Ministrler Kabinetiniň Başlygy Adylbek Kasymaliýew, Ermenistanyň Prezidenti Waagn Haçaturýan we beýleki wekiliýet ýolbaşçylayr çykyş etdiler.

Deňze çykalgasy bolmadyk 32 sany ösýän ýurt umumylykda ýarym milliarddan gowrak ilaty öz içine alýar. Olaryň köpüsi häzirem maliýeleşdirmä, tehnologiýalara we dünýä bazarlaryna çykmakda päsgelçilikler bilen ýüzbe-ýüz bolýarlar.

Sebitleýin ulag arabaglanyşyklarynyň çäkli bolmagy deňze çykalgasy bolmadyk ýurtlar üçin häzirem esasy mesele bolup galýar. Bu mesele ykdysady kynçylyklaryň ençemesini, şol sanda ýokary tranzit we söwda çykdajylaryny, şeýle hem geosyýasy faktorlaryň täsirine duçar bolma howpuny döredýär. Bu çäklendirmeler raýatlaryň abadançylygyna täsir edýär we bäsdeşlige ukyplylygy peseldýär.

Forumda çykyş edenler durnukly, inklýuziw we ygtybarly geljege tarap ýol kartasy hökmünde Awaza Hereketler Maksatnamasyny doly goldaýandyklaryny bellediler.

Deňze çykalgasy bolmadyk ösýän ýurtlaryň sesleri has güýçli çykmaly, hyzmatdaşlygymyz has çuň bolmaly, bilelikdäki maksatlygymyz bolsa has batyrgaý bolmaly – diýip, Gazagystanyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýew aýtdy.

Umuman, foruma gatnaşyjy döwletler Türkmenistanyň ýokary guramaçylygynda geçirilýän bu forumyň ähmiýetiniň uludygy bellenildi.

BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça üçünji maslahatynyň çäklerinde ýokary derejedäki tematik «tegelek stollar», forumlar, duşuşyklar we beýleki ugurdaş çäreler geçirilýär.

Ýene-de okaň

BMG-niň Awaza forumy: resminamalar toplumyna gol çekildi

Türkmenistanyň Prezidenti Birleşen Milletler Guramasynyň Baş sekretary bilen duşuşdy

Özbegistanyň Prezidenti Türkmenistanyň ýokary döwlet sylagy bilen sylaglandy

Awazada Merkezi Aziýa döwletleriniň ýolbaşçylarynyň duşuşygy geçirildi

Ata Watan Eserleri

BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça üçünji maslahaty başlady

Gazagystanyň Prezidenti BMG-niň forumy üçin Awaza geldi