JEMGYÝET

Türkmenistanyň Prezidenti Birleşen Arap Emirlikleriniň ýolbaşçylaryny gutlady

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Birleşen Arap Emirlikleriniň Prezidenti Şeýh Mohammed bin Zaýed Al Nahaýýana hem-de BAE-niň wise-prezidenti, Premýer-ministri, goranmak ministri, Dubaýyň häkimi Şeýh Mohammed bin Raşid Al Maktuma Birleşen Arap Emirlikleriniň milli baýramy — Döwletiň jar edilen güni mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglaryny we iň gowy arzuwlaryny iberdi.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hatynda Türkmenistan bilen Birleşen Arap Emirlikleriniň arasynda ýola goýlan hem-de häzirki wagtda netijeli we durnukly häsiýete eýe bolan döwletara gatnaşyklara ýokary baha bermek bilen, onuň ähli ileri tutulýan ugurlar boýunça üstünlikli ösdürilýändigini kanagatlanma bilen belledi. Döwlet Baştutanymyz şu ýylyň noýabr aýynda bu gözel ýurda amala aşyran saparyny örän ýakymly duýgular bilen ýatlaýandygyny nygtap, onuň dowamynda geçirilen gepleşikleriň, gol çekilen resminamalaryň uly toplumynyň ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de giňeltmäge we pugtalandyrmaga uly itergi berjekdigine berk ynam bildirdi.

Hormatly Prezidentimiz şu ýakymly mümkinçilikden peýdalanyp, Prezident Şeýh Mohammed bin Zaýed Al Nahaýýana hem-de wise-prezident, Premýer-ministr, goranmak ministri, Dubaýyň häkimi Şeýh Mohammed bin Raşid Al Maktuma tüýs ýürekden berk jan saglyk, bagtyýarlyk we abadançylyk, Birleşen Arap Emirlikleriniň doganlyk halkyna bolsa parahatçylyk, mundan beýläk-de gülläp ösüş, rowaçlyk arzuw etdi.

Ýene-de okaň

Türkmen döwlet maliýe institutyna täze rektor bellendi

Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş institutyna täze rektor bellendi

Türkmenistanyň Prezidenti Braziliýanyň Baştutanyny diplomatik gatnaşyklaryň 30 ýyllygy bilen gutlady

Türkmenistanyň başlangyjy bilen “Merkezi Aziýa+ASEAN” formatyny dörediler

Atagulyýew: Türkmenistan ulag geçelgeleriniň ösüşine aýratyn ähmiýet berýär

İlham Aliýew TDG-niň hökümet baştutanlary bilen duşuşdy