JEMGYÝET

«Türkmenistanyň nebiti we gazy» XXVI Halkara maslahaty 27-29-njy oktýabrda geçiriler

Aşgabatda 27-29-njy oktýabr aralygynda Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygyna bagyşlanan «Türkmenistanyň nebiti we gazy – 2021» atly XXVI Halkara maslahaty (OGT-2021) geçiriler. Bu barada OGT-niň resmi saýtynda habar berilýär. Bu halkara maslahaty “Türkmengaz” we “Türkmennebit” döwlet konsernleri, “Türkmengeologiýa” döwlet korporasiýasy tarapyndan “Türkmen Forum” hojalyk jemgyýeti we Beýik Britaniýanyň “GaffneyCline” kompaniýasy bilen bilelikde gurnalýar.

Bu abraýly halkara maslahaty daşary ýurtly kompaniýalaryň Türkmenistan bilen nebit-gaz pudagynda hyzmatdaşlygyny ösdürmäge we pugtalandyrmaga gönükdirilen her ýyl geçirilýän uly ähmiýetli çäredir.

Halkara maslahatyň dowamynda bilermenler dünýäniň ýangyç-energetika pudagyndaky ösüşler we özgermeler babatynda, Türkmenistan–Owganystan–Päkistan–Hindistan (TOPH) gaz geçirijisi, Hazar deňziniň Türkmen bölegine maýa goýumlaryny çekmek hem-de gaz-himiýa taslamalarynyň geljegi barada çykyş ederler.

Maslahatyň dowamynda milli nebit kompaniýalarynyň ýokary derejeli ýolbaşçylarynyň, şeýle hem öňdebaryjy halkara nebit kompaniýalarynyň, iri halkara guramalarynyň we maliýe guramalarynyň ýolbaşçylarynyň gatnaşmagynda dürli mowzuklarda çykyşlary we giňişleýin sessiýalary geçiriler.

Halkara syýahatçylyk çäklendirmeleri sebäpli bu çäre adaty we onlaýn tertipde geçiriler. Türkmenistanyň nebitgaz pudagynyň ýolbaşçylary bilen duşuşyklar hem gatnaşyjylar üçin şeýle görnüşde gurnalar.

Has jikme-jik maglumaty şu saýtdan alyp bilersiňiz: www.ogt-turkmenistan.com ýa-da info@turkmen-forum.com salgy boýunça «Turkmen Forum» topary bilen ýa-da

+993 62110069 boýunça habarlaşyp bilersiňiz.

Çeşme: turkmengaz.gov.tm

10-njy awgustdaky howa maglumaty

 

 

 

Ýene-de okaň

«Galkynyş» toparynyň Balkan topragyndaky çykyşlary

Türkmenistanyň Prezidenti Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygyny gutlady

Türkmenistanyň Prezidentine Bütindünýä Saglygy goraýyş guramasynyň sylagy gowşuryldy

Türkmen halkynyň Milli Lideri ABŞ-a sapar bilen ugrady

Tailandyň Patyşasy Türkmenistana sapar bilen gelmäge isleg bildirýär

Türkmenistanda täze milli howpsuzlyk ministri wezipä bellendi