JEMGYÝET

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda döwlet durmuşyna degişli birnäçe meselelere seredildi.

Ilki bilen, Mejlisiň Başlygy D.Gulmanowa milli kanunçylygy döwrebaplaşdyrmak boýunça alnyp barylýan işler barada maglumat berdi. Bellenilişi ýaly, häzirki wagtda hereket edýän kanunlary Türkmenistanyň Konstitusiýasyna we döwrüň talaplaryna laýyklykda kämilleşdirmek maksady bilen, Administratiw hukuk bozulmalary hakynda, Jenaýat, Arbitraž iş ýörediş, Jenaýat iş ýörediş, Jenaýat-ýerine ýetiriş, Maşgala, Ilaty durmuş taýdan goramak kodekslerine we başga-da birnäçe kanunlara degişli üýtgetmelerdir goşmaçalary girizmek boýunça işler geçirilýär.

MILLI MANADYMYZA BAGYŞLANAN FORUM

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary H.Geldimyradow milli manadyň dolanyşyga girizilmeginiň 32 ýyllygy mynasybetli ylmy-amaly maslahaty geçirmäge görülýän taýýarlyk işleri barada hasabat berdi.

Bellenilişi ýaly, 1-nji noýabrda guraljak foruma ýurdumyzyň ykdysadyýet, maliýe-bank toplumynyň ministrliklerinden, pudaklaýyn dolandyryş we karz edaralaryndan, ýokary we ýörite orta okuw mekdeplerinden wekilleriň 250-siniň gatnaşmagyna garaşylýar. Maslahatyň dowamynda hormatly Prezidentimiziň ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek babatda başlangyçlaryny we bank ulgamynda amala aşyrýan özgertmelerini, milli manadyň sazlaşykly dolandyrylmagy bilen gazanylýan ykdysady üstünlikleri beýan etmek göz öňünde tutulýar. Şeýle hem pul-karz syýasaty, bank ulgamynda sanly tehnologiýalary ornaşdyrmak esasynda döwrebap bank hyzmatlaryny ýola goýmak, elektron töleg ulgamyny kämilleşdirmek, halkara maliýe guramalary bilen alnyp barylýan işjeň hyzmatdaşlyk bilen bagly meseleleri ara alyp maslahatlaşmak meýilleşdirilýär.

NEBITGAZ FORUMYNA ULY GYZYKLANMA

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Amanow “Türkmenistanyň nebiti we gazy — 2025” atly XXX halkara maslahaty we sergini geçirmäge görülýän taýýarlyk işleri barada hasabat berdi. Bellenilişi ýaly, häzirki wagtda sergä gatnaşmak üçin isleg bildiren daşary ýurt kompaniýalaryň 70-den gowragy, ýerli kärhanalaryň hem-de hususy telekeçileriň 30-a golaýy, şeýle-de ýurdumyzyň degişli ministrlikleri we pudaklaýyn dolandyryş edaralary sergi diwarlyklary bilen gatnaşmak üçin hasaba alyndy. Utgaşykly görnüşde geçiriljek maslahata gatnaşmaga jemi 1 müň 390-a golaý wekil isleg bildirdi. Maslahatyň çäklerinde “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda global energiýanyň geljegini şekillendirmek — innowasiýa, energetika geçişi we strategik hyzmatdaşlyk”, “Türkmen tebigy gazynyň artýan orny: eksport ugurlarynyň giňeldilmegi we energetika geçişine itergi bermek” atly plenar mejlisleri, möhüm ähmiýetli meseleler boýunça mowzuklaýyn mejlisleri geçirmek meýilleşdirilýär.

GERMANIÝADA TÜRKMENISTANYŇ YKDYSADYÝET GÜNLERI GEÇIRILER

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary N.Atagulyýew Germaniýanyň Frankfurt şäherinde Türkmenistanyň ykdysadyýetiniň günlerini geçirmek boýunça görülýän taýýarlyk işleri barada hasabat berdi.

Bellenilişi ýaly, forumda ýurdumyzyň nebitgaz we himiýa senagaty pudaklarynda maýa goýum taslamalary, häzirki zaman oba hojalyk tehnologiýalary, dokma senagatyndaky innowasiýalar, saglygy goraýyş we derman senagaty ulgamynyň ösüşi, şol sanda Arkadag şäheriniň lukmançylyk klasteri bilen tanyşdyrmak göz öňünde tutulýar. Forumyň çäklerinde ikitaraplaýyn duşuşyklaryň guralmagy, işewürlik hyzmatdaşlygyna degişli resminamalara gol çekilmegi meýilleşdirilýär. Häzirki wagtda bu foruma gatnaşmak üçin Germaniýanyň dürli ugurlarda iş alyp barýan edara-guramalarynyň, kompaniýalarynyň 50-den gowragy hasaba alyndy.

Wise-premýer Türkmenistanyň ykdysadyýetiniň günlerini ýokary derejede geçirmek maksady bilen, oňa ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň pudaklarynyň, bank edaralarynyň, “Arkadag Medisina Klasteri Menejment” kärhanasynyň, Söwda-senagat edarasynyň ýolbaşçylarynyň, Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalarynyň gatnaşmaklarynyň göz öňünde tutulýandygyny aýdyp, döwlet Baştutanymyzyň garamagyna degişli teklipleri hödürledi.

ÝOKARY HÜNÄR BILIMI ÖSDÜRILER

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Orazdurdyýewa “Türkmenistanda ýokary hünär bilimini ösdürmegiň 2026 — 2052-nji ýyllar üçin Strategiýasynyň” hem-de ony tassyklamak hakynda Kararyň taslamalary barada hasabat berdi.

Nygtalyşy ýaly, Gahryman Arkadagymyzyň 2024-nji ýylyň 24-nji sentýabrynda geçirilen Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisinde beren tabşyrygy esasynda şu Strategiýanyň hem-de ony amala aşyrmak boýunça ýerine ýetirilmeli çäreleriň 2026 — 2030-njy ýyllar üçin meýilnamasynyň taslamalary işlenip taýýarlanyldy. Strategiýada, hususan-da, ýokary hünär bilimi ulgamynyň dolandyrylyşyny halkara kadalara we milli tejribelere laýyklykda kämilleşdirmek, demografik görkezijilere, zähmet bazarynyň ösüşine, ykdysadyýetiň meýilnamalaşdyrylyşyna görä meýilleşdirmegiň we dolandyrmagyň kämil gurallaryny ornaşdyrmak, okatmagyň öňdebaryjy usullary, sanly tehnologiýalar, emeli aň arkaly bäsdeşlige ukyply ýokary hünär biliminiň milli gurşawyny döretmek göz öňünde tutulýar. Şeýle hem döwlet we halkara akkreditasiýa amallarynyň hasabyna bilim işini düýpli kämilleşdirmek, professor-mugallymlaryň, işgärleriň we ýolbaşçylaryň hünär derejesini yzygiderli ýokarlandyrmak, ylmyň, bilimiň, önümçiligiň, täjirçiligiň özara baglanyşygynyň kämil gurallaryny döretmek, ýokary okuw mekdepleriniň maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmak, ýokary okuw mekdeplerini dünýäniň öňdeligini düzýän halkara sanawlara girizmek meýilleşdirilýär.

BMG-DE “AWAZA SYÝASY JARNAMASY” ATLY KARARNAMA KABUL EDILDI

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri R.Meredowa söz berildi.

Bellenilişi ýaly, hormatly Prezidentimiziň we Gahryman Arkadagymyzyň ýakyndan goldaw bermeginde şu ýylyň awgustynda “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça üçünji maslahaty üstünlikli geçirildi. Halkara foruma gatnaşmak maksady bilen, 104 döwletden, halkara guramalaryň 46-syndan wekiliýetler ýurdumyza sapar bilen geldi. Maslahatyň çäklerinde plenar mejlisleriň 6-sy, ýokary derejeli “tegelek stol” duşuşyklarynyň 5-si, ýokary derejedäki forumlaryň 7-si, ugurdaş çäreleriň 40-a golaýy geçirildi. Olaryň dowamynda deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletleri ösdürmek bilen bagly meseleleriň giň toplumyna seredildi. Hususan-da, ylym, bilim, innowasiýalar, halkara söwdany ösdürmek, durnukly infrastrukturany döretmek, howanyň üýtgemegine garşy göreşmek, Durnukly ösüş maksatlaryny durmuşa geçirmek baradaky meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy. Forumyň işi dünýäniň köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde giňden beýan edildi. Maslahatyň netijeleri boýunça Awaza syýasy Jarnamasy kabul edildi. Şunuň bilen baglylykda, wise-premýer, daşary işler ministri bu halkara forumyň syýasy taýdan wajyplygy we onuň netijeleriniň tutuş dünýä üçin uly ähmiýeti göz öňünde tutulyp, 14-nji oktýabrda ABŞ-nyň Nýu-Ýork şäherinde BMG-niň Baş Assambleýasynyň 80-nji sessiýasynyň 18-nji plenar mejlisinde “Awaza syýasy Jarnamasy” atly Kararnamanyň biragyzdan kabul edilendigi baradaky hoş habary aýtdy. Ol pursatdan peýdalanyp, hormatly Prezidentimizi hem-de Gahryman Arkadagymyzy bu şanly waka bilen tüýs ýürekden gutlady.

Hormatly Prezidentimiz Bitarap Watanymyzyň ählumumy parahatçylygy gorap saklamak, özara bähbitli gatnaşyklary ösdürmek ugrunda edýän tagallalarynyň bütin dünýäde giň goldaw tapýandygyny, BMG-den gelip gowşan hoş habaryň hem muny aýdyň görkezýändigini belledi.

Mejlisde döwlet durmuşyna degişli başga-da birnäçe möhüm meselelere seredildi we olar boýunça degişli çözgütler kabul edildi.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň sanly ulgam arkaly geçirilen mejlisini jemläp, oňa gatnaşanlara berk jan saglyk, maşgala abadançylygyny, berkarar Watanymyzyň gülläp ösmegi ugrunda alyp barýan işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdi.

Ýene-de okaň

“Green Card” 2027: resminamalary kabul edişlik ýakynda yglan ediler,

BMG-de “Awaza syýasy jarnamasy” atly kararnama kabul edildi

Ata Watan Eserleri

Arkadag şäheriniň lukmançylyk klasteri Germaniýada tanyşdyrylar

Türkmenistanyň nebitgaz forumyna 1390-a golaý wekil gatnaşmaga isleg bildirdi

Arkadag şäherine täze halkara sylag gowşuryldy

Türkmenistanyň Prezidenti mineral dökünleri öndürýän toplumyň düýbüni tutmak dabarasyna gatnaşdy

Ata Watan Eserleri