JEMGYÝET

Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygynyň Tokio sapary guralar

Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredowyň Ýapon-Türkmen parlamentara dostluk toparynyň başlygy, Ýaponiýanyň Parlamentiniň Wekiller palatasynyň agzasy Toşiaki Endonyň ýolbaşçylygyndaky ýapon deputatlary bilen duşuşygy geçirildi.

Duşuşygyň barşynda taraplar iki ýurduň arasynda dürli ugurlarda ýola goýlan gatnaşyklarda parlamentara hyzmatdaşlyga möhüm ornuň degişlidigini nygtadylar. Bu ugurda Türkmen-Ýapon parlamentara dostluk toparynyň işiniň wajypdygy bellenildi.

Daşary işler ministri Türkmenistanyň daşary syýasatynda parlament diplomatiýasyna wajyp orun berilýändigini bellemek bilen parlament aragatnaşyklary mundan beýläk-de depginli ösdürmek ugrunda ýaşlaryň parlamentara hyzmatdaşlygyna uly ornuň degişlidigine üns çekdi.

Şeýle hem, netijeli pikir alyşmak üçin taraplar 2024-nji ýylyň birinji ýarymynda Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygynyň Tokio we ýapon parlamentarileriniň Aşgabat şäherine saparlaryny guramak barada ylalaşdylar.

Ýene-de okaň

Türkmen döwlet maliýe institutyna täze rektor bellendi

Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş institutyna täze rektor bellendi

Türkmenistanyň Prezidenti Braziliýanyň Baştutanyny diplomatik gatnaşyklaryň 30 ýyllygy bilen gutlady

Türkmenistanyň başlangyjy bilen “Merkezi Aziýa+ASEAN” formatyny dörediler

Atagulyýew: Türkmenistan ulag geçelgeleriniň ösüşine aýratyn ähmiýet berýär

İlham Aliýew TDG-niň hökümet baştutanlary bilen duşuşdy