DÜNÝÄ

Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy Natalýa Koçanowa bilen duşuşdy

Parlamentara Bileleşigiň 150-nji ýubileý assambleýasynyň çäklerinde Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy D.Gulmanowanyň Belarus Respublikasynyň Milli Ýygnagynyň Respublika Geňeşiniň Başlygy Natalýa Koçanowa bilen duşuşygy boldy.

Duşuşykda Türkmenistanyň Prezidenti, Hormatly Serdar Berdimuhamedowyň we Belarus Respublikasynyň Prezidenti hormatly Aleksandr Lukaşenkonyň ýolbaşçylygynda alnyp barylýan türkmen-belarus döwletara hyzmatdaşlygyň ähmiýeti bellenilip geçildi. Şeýle hem taraplar parlamentler derejesinde hyzmatdaşlygyň zerurdygyny hemişe nygtaýan we bu gatnaşyklaryň ösmegine itergi berýän Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň “Dialog parahatçylygyň kepili” atly  filosofiýasynyň ýurtlaryň arasynda parahatçylygy we ynanyşmagy berkitmekde, dost-doganlyk gatnaşyklaryny pugtalandyrmakda  möhüm başlangyç bolup çykyş edýändigini aýratyn  nygtadylar.

Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy D.Gulmanowa Belarus Respublikasynyň Milli Ýygnagynyň Respublika Geňeşiniň Başlygy Natalýa Koçanowany 2025-nji Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda bellenilýän Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygy mynasybetli ýurdumyzda geçiriljek halkara çärelerine gatnaşmaga çagyrdy.

Duşuşygyň ahyrynda taraplar geljekde döwletara gatnaşyklary parlament diplomatiýasynyň üsti bilen goldamakda tagallalary birleşdirmegiň möhümdigini bellediler.

Ýene-de okaň

ÝUNESKO-nyň ştab-kwartirasynda halkara Nowruz baýramyna bagyşlanan dabaraly çäre geçirildi

Seulda türkmen-koreý syýasy geňeşmeleri geçirildi

17-nji aprelde GDA-nyň daşary işler ministrleriniň duşuşygy geçiriler

Aşgabat-Seul: konsullyk meseleleri boýunça geňeşmeler geçirildi

Türkmenistan Ýaponiýanyň gadymy paýtagty bolan Nara şäheri bilen hyzmatdaşlygy giňeldýär

Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Koreýada türkmen talyplary bilen duşuşdy