JEMGYÝET

Türkmenistanyň Mejlisinde 2026-njy ýyl üçin Döwlet býujetine garaldy

2025-nji ýylyň 22-nji noýabrynda Türkmenistanyň Mejlisiniň ýedinji çagyrylyşynyň on birinji maslahaty geçirildi.

Maslahatda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň alyp barýan döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlaryna we üstünlikli durmuşa geçirilýän maksatnamalaýyn özgertmelere laýyklykda ýurdumyzyň kanunçylyk-hukuk binýadyny döwrebaplaşdyrmak boýunça işlenip taýýarlanylan möhüm kanunçylyk namalarynyň taslamalarynyň birnäçesine garaldy.

Maslahata Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlary, ministrlikleriň, pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylary, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri çagyryldy.

Maslahatyň gün tertibine laýyklykda «Türkmenistanyň 2026-njy ýyl üçin Döwlet býujeti hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň, şeýle hem «Türkmenistanyň 2024-nji ýyl üçin Döwlet býujetiniň ýerine ýetirilişi hakynda» Türkmenistanyň Mejlisiniň kararynyň taslamalary ara alnyp maslahatlaşyldy hem-de biragyzdan kabul edildi.

Ýurdumyzyň geljek ýyl üçin baş maliýe resminamasy maliýeleşdirmegiň ähli çeşmeleriniň hasabyna ykdysadyýetiň ulgamlaryna düýpli maýa goýumlary gönükdirmek arkaly, kabul edilen Milli maksatnamalardaky wezipeleriň bellenen möhletlerde ýerine ýetirilmegine, eziz Watanymyzyň ykdysady kuwwatynyň depginli artmagyna we halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesiniň has-da ýokarlanmagyna hyzmat eder.

Çykyş edenleriň belleýşi ýaly, esasy maliýe-hukuk resminamasy möhüm pudaklaryň durnukly ösüş depginini saklamagyň, sebitleri ösdürmegiň, umuman, ýurdumyzyň ägirt uly we köpugurly mümkinçiliklerini durmuşa geçirmegiň hasabyna giň gerimli özgertmeleri üstünlikli ýerine ýetirmäge, milli ykdysadyýetimiziň kuwwatyny pugtalandyrmaga gönükdirilendir.

Ýene-de okaň

Türkmenistanyň başlangyjy bilen “Merkezi Aziýa+ASEAN” formatyny dörediler

Atagulyýew: Türkmenistan ulag geçelgeleriniň ösüşine aýratyn ähmiýet berýär

İlham Aliýew TDG-niň hökümet baştutanlary bilen duşuşdy

Türkmenistan bilen Azerbaýjan ykdysady hyzmatdaşlygy ösdürmegiň geljegini maslahatlaşdy

Türkmen wekiliýetiniň Gruziýanyň portlaryna sapary

Türkmenistanyň wekiliýeti Azerbaýjana sapar bilen bardy