DÜNÝÄ

Türkmenistanyň ilçisi Pakistanyň daşary işler ministri bilen duşuşdy

Türkmenistanyň Pakistan Yslam Respublikasyndaky ilçisi A.Möwlamow ýakynda wezipä bellenen Pakistanyň daşary işler ministriniň w.w.ýe.ýe Jalil Abbas Jilani bilen duşuşdy.

Duşuşygyň başynda ilçi söhbetdeşini täze wezipä girişmegi bilen gutlady. Gepleşikleriň dowamynda bilelikdäki möhüm energiýa taslamalaryň amala aşyrylyşy ara alnyp maslahatlaşyldy.

Pakistan tarapy Türkmenistanyň alyp barýan daşary syýasatyna we iki ýurduň arasyndaky gatnaşyklara ýokary baha berip, bilelikdäki taslamalary goldaýandygyny, şol sanda, TAPI we TAP ýaly taslamalaryň amala aşyrylmagynyň Päkistan üçin örän möhüm bolup durýandygyny belledi.

Taraplar dürli ugurlaryndaky özara gatnaşyklary has-da berkitmäge gyzyklanma bildirdiler.

Related posts

Türkmenistanyň Prezidenti Samarkantdaky meşhur obserwatoriýa baryp gördi

«Hazar deňzi – dostluk we parahatçylyk deňzi» atly ylmy-amaly maslahat geçirildi

Türkmenistanyň Ilçisi Maldiwler Respublikasynyň Daşary işler ministri bilen duşuşdy

Ata Watan Eserleri