DÜNÝÄ

Türkmenistanyň ilçisi Özbegistanyň Prezidentine ynanç hatyny gowşurdy

Şu gün Türkmenistanyň Özbegistan Respublikasyna täze bellenen Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Şadurdy Meredow Özbegistanyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýewe ynanç hatyny gowşurdy. Bu barada Özbegistanyň Prezidentiniň metbugat gullugy habar berýär.

Özbegistanyň Prezidenti öz ýurduna ilçi edilip bellenen Türkmenistanyň, Hytaýyň, Malaýziýanyň, Beýik Britaniýanyň hem-de Bangladeşiň ilçilerinden ynanç hatyny kabul etdi.

Şol dabarada çykyş eden Prezident Mirziýoýew: “Türkmenistan iň ýakyn goňşymyz, köp asyrlar bäri bile ýaşap gelýäris, umumy dilimiz, dinimiz we däp-dessurlarymyz bar.” diýip belledi.

Iki ýurduň arasyndaky gatnaşyklara uly kanagatlanma bildiren Şawkat Mirziýoýew soňky ýyllarda syýasy, partlamentara, söwda-ykdysady, ulag, energetika, suw we oba hojalygy, şeýle hem medeni-ynsanperwer ugurlardaky gatnaşyklaryň ýokary derejelere çykarylandygyny mälim etdi.

Özbegistanyň Prezidentiniň golaýda Aşgabada amala aşyran saparynyň, şol saparyň çäklerinde türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow hem-de Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow bilen geçiren netijeli gepleşikleriniň strategik hyzmatdaşlygyň mundan beýläk-de has-da pugtalanmagyna ýardam eder.

– Söwda gatnaşyklaryny giňeltmek, ykdysady ugurda hyzmatdaşlygy güýçlendirmek we anyk taslamalary durmuşa geçirmek, şeýle hem ulag we üstaşyr ýükleri köpeltmek üçin ägirt uly mümkinçiliklerimiz bar – diýip, özbek Lideri belläp geçdi.

Ýene-de okaň

Aşgabat bilen Daşkendiň arasyndaky hyzmatdaşlyk işjeňleşdiriler

Ata Watan Eserleri

IFT 2026: ikitaraplaýyn duşuşyklar we gol çekilen resminamalar

Türkmenistan Gruziýadaky Halkara Nowruz gününiň dabaralaryna gatnaşdy

Türkmenistan Belgiýanyň “CULeuven” uniwersitetinde tanyşdyryldy

Ata Watan Eserleri

Türkmenistan bilen Özbegistan awtomobil ýollaryny gurmak babatda hyzmatdaşlygyny berkidýär

Merkezi Aziýa-Koreýa Respublikasy birinji sammitine taýýarlyk görlüp başlandy