Türkmenistanyň Malaýziýadaky Ilçisi M.Maşalow bilen bu ýurduň Oba hojalyk we azyk howpsuzlygy ministri Haji Mohamad bin Sabunyň arasynda duşuşyk geçirildi. Duşuşyga agzalan ministrligiň käbir bölüm başlyklary, bu ýurduň Oba hojalyk ylmy-barlag we ösüş institutynyň, DIM-niň Günorta we Merkezi Aziýa ýurtlary bölüminiň hem-de Ilçihananyň wekilleri gatnaşdylar.
Ilçi türkmen-malaý gatnaşyklarynyň häzirki ýagdaýy we oba hojalyk pudagynda özara bähbitli gatnaşyklary işjeňleşdirmegiň zerurdygy barada bellemek bilen, Türkmenistanyň Malaýziýa bilen söwda-ykdysady gatnaşyklaryny berkitmek, oba hojalyk pudagynda bilelikdäki kärhanalary döretmek, bu pudagy sanlylaşdyrmak, oba senagat toplumynda tejribe alyşmak, eksport logistikasyny we ekologiýa taýdan arassa önümçiligi ösdürmek babatda hyzmatdaşlyga açykdygyny bildirdi.
Bu ugurda Malaýziýada bilelikdäki oba hojalyk kärhanalarynyň döredilmegi, oba hojalyk önümlerini gaýtadan işlemegiň höweslendirilmegi, maýadarlaryň oba hojalyk taslamalaryna gatnaşmaklary boýunça döwlet tarapyndan goldaw bermek boýunça görülýän çäreler, ekin hasylyny ýokarlandyrmak üçin sanly tehnologiýalary we takyk ekerançylyk ulgamlaryny bilelikde ornaşdyrmak, tohum önümçiligi, maldarçylygy ösdürmek we gurakçylyga çydamly ekinleri ulanmak ugurlarynda tejribe alyşmak hem-de suwaryş ulgamlaryny döwrebaplaşdyrmak, suw serişdelerini netijeli ulanmak, fitosanitariýa we weterinariýa barlaglaryny ýeňilleşdirmek üçin Malaýziýanyň mümkinçilikleri we bu ugurdaky bilelikdäki hereketleri amala aşyrmagyň ýollary barada gyzyklandy.
Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň Oba hojalyk ministrligi bilen Malaýziýanyň Oba hojalyk we azyk howpsuzlygy ministrliginiň arasynda özara düşünişmek hakynda Ähtnamanyň taslamasyny taýýarlamak teklip edildi.
Öz gezeginde H.M.Sabu Malaýziýa bilen Türkmenistanyň arasynda ýola goýlan oňyn gatnaşyklaryň çäklerinde söwda-ykdysady hyzmatdaşlygyň netijeli alnyp barylýandygyny nygtady we hojalyk pudagynda gatnaşyklary işjeňleşdirmegiň zerurdygyny belledi. Iki ýurduň ter bakja we miwe önümleriniň özara importynyň we eksportynyň ýola goýulmagyny teklip etdi. H.M.Sabu Malaýziýanyň oba hojalyk pudagynda, hususan-da, suwaryş ulgamlarynda hem-de akylly ferma taslamalarynda gazanylan tejribeleri barada gürrüň berdi.
Mundan başga-da, Malaýziýanyň Oba hojalyk ylmy-barlag we ösüş institutynyň (MARDI) alyp barýan işleri bilen hem tanyşdyrdy. Agzalan ugurda iki ýurduň ylmy-barlag institutlarynyň arasynda özara düşünişmek hakynda ylalaşyklary baglaşmak teklip etdi. Agzalan ugurlarda iki ýurduň hünärmenleri üçin tejribe alyşmak boýunça saparlary guramaga taýýarlyk mälim etdi.
Şeýle hem, Ilçi 2026-njy ýylyň 12-14-nji maýy aralygynda Aşgabat şäherinde geçiriljek “Agro Pack Turkmenistan – 2026” atly halkara ýöriteleşdirilen sergisine hem-de “Food Turkmenistan 2026” halkara sergisine malaýziýaly hünärmenleri işjeň gatnaşmaga çagyrdy.
