JEMGYÝET

Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň şanly 25 ýyllygyna bagyşlanan dabara

Türkmenistanyň Türkiýe Respublikasyndaky ilçihanasy hem-de Stambul şäherindäki Baş konsullygy Türkiýe Respublikasynyň dürli şäherlerinde Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň şanly 25 ýyllygy mynasybetli aýdym-sazly dabaraly çäreleri gurnaýar.

Türkiýäniň Karabük uniwersitetinden soňra Uşak uniwersitetinde hem şeýle çäreleriň biri geçirildi. Çärä Uşak uniwersitetiniň rektory Prof.Dr Ekrem Sawaş, Türkmenistanyň Türkiýe Respublikasyndaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Işanguly Amanlyýew, Türkmenistanyň Stambul şäherindäki baş konsuly Myratgeldi Seýitmämmedow, professor-mugallymlary, bilim alýan türkmen we daşary ýurtly talyplar, dürli jemgyýetçilik we ylmy edaralaryň, habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdylar.

Iki ýurduň milli senalary ýaňlandy. Soňra Türkmenistan baradaky wideofilm görkezildi. Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň şanly 25 ýyllygy mynasybetli çykyşlar diňlenildi. Bu ýokary okuw mekdebinde bilim alýan türkmen talyplarynyň taýýarlan konsert programmasyna tomaşa edildi.

Konsertde Seýitnazar Seýdiniň “Dönmenem begler” goşgusy okaldy. Dürli aýdymlar ýerine ýetirildi. Uniwersitetiň “Älem jahan” atly türkmen talyplarynyň döredijilik topary birnäçe çykyşlary bilen myhmanlarda uly täsir galdyrdy.

Bu dabaraly çärä Türkiýe Respublikasyndaky Türkmenistanlylar raýdaşlyk jemgyýeti hem gatnaşdy. Jemgyýetiň baş sekretary Uktam Islamkulow jemgyýetiň adyndan türkmen halkynyň milli önümleriniň sergisini gurnady. Myhmanlarda uly gyzyklanma dörän sergide “Atawatan Türkmenistan” halkara žurnalynyň birnäçe sany myhmanlarda uly täsir galdyrdy.

Ýene-de okaň

Türkmen-eýran serhedindäki gözegçilik geçiriş ýerleriniň işi kadaly dowam edýär

«Ak Işan» aramgähine mugt awtobus gatnawlary başlanýar

«Galkynyş» topary Azerbaýjanda çykyş etdi (suratlarda)

Ata Watan Eserleri

«Talyp gözeli-2026» atly gözellik bäsleşiginiň ýeňijisi belli boldy

Ata Watan Eserleri

Mariýa Zaharowa: Eýrandaky rus raýatlaryny üstaşyr geçirmekde Türkmenistanyň ägirt uly kömegi bar

Türkmenistan Eýrandan gelen 16 ýurduň raýatlaryny kabul etdi