JEMGYÝET

Türkmenistanyň haýyr-sahawat gaznasy Owganystana ynsanperwerlik kömegini iberer

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Arkadag şäherine iş saparyny amala aşyryp, Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň müdiriýetiniň mejlisini geçirdi.

Mejlisiň dowamynda Gahryman Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň geçen döwürde ýerine ýetiren işleri barada hasabatlar diňlenildi.

“Watan” habarlar gepleşiginde bellenilip geçilişi ýaly, Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň bejeriş işleri boýunça wise-prezidenti Oguljahan Atabaýewa ýakynda goňşy ýurt bolan Owganystanda bolup geçen ýertitreme zerarly bu ýurduň ejir çeken raýatlaryna, hususan-da çagalara haýyr-sahawat gaznanyň hasabyna ynsanperwer kömegini ibermek boýunça Gahryman Arkadagymyza haýyş bilen ýüzlendi.

Türkmen halkynyň Milli Lideri türkmen halkynyň ynsanperwerlik ýaly gadymdan gelýän ýagşy dessury kömege mätäçlere howandarlyk goluny uzatmak ýörelgeleri esaslanyp, Owganystanda bolan ýertitreme zerarly ejir çekenlere Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň adyndan ynsanperwerlik kömeginiň iberilmegi boýunça gaznanyň bejeriş işleri boýunça wise-prezidenti Oguljahan Atabaýewa hem-de beýleki müdiriýetiň agzalaryna degişli tabşyryklary berdi.

Goňşy owgan halkyna, ilkinji nobatda, Owganystanyň ýertitremeden ejir çeken çagalaryna dokma, azyk önümleri, egin-eşikler hem-de durmuşda zerur bolan beýleki önümler ynsanperwerlik kömegini bermek göz öňünde tutulýar.

Türkmen halkynyň gadymdan gelýän mätäji goldamak, oňa kömek bermek ýaly ýörelgelerine eýermek bilen, Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasy dünýäniň dürli ýurtlarynyň heläkçilikler zerarly ejir çeken çagalaryna we ilatyna ynsanperwerlik kömegini berýär. Bu bolsa halklaryň arasynda dost-doganlygyň pugtalandyrylmagyna ýardam edýär.

Ýene-de okaň

Türkmenistanyň başlangyjy bilen “Merkezi Aziýa+ASEAN” formatyny dörediler

Atagulyýew: Türkmenistan ulag geçelgeleriniň ösüşine aýratyn ähmiýet berýär

İlham Aliýew TDG-niň hökümet baştutanlary bilen duşuşdy

Türkmenistan bilen Azerbaýjan ykdysady hyzmatdaşlygy ösdürmegiň geljegini maslahatlaşdy

Türkmen wekiliýetiniň Gruziýanyň portlaryna sapary

Türkmenistanyň wekiliýeti Azerbaýjana sapar bilen bardy