Türkmen halkynyň Milli Lideri Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly hem-de Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygy mynasybetli meýilleşdirilen çäreleri ýokary derejede geçirmek boýunça guramaçylyk döwlet toparynyň mejlisi geçirildi. Mejlis tamamlanandan soňra türkmen halkynyň Milli Lideri halkara çäreleriň geçiriljek merkezlerine baryp gördi.
Gahryman Arkadag häzirki zamanyň kaşaň binasy bolan Halkara maslahat merkezinde meýilleşdirilen çäreleri guramaçylykly geçirmek boýunça döredilen mümkinçilikler bilen tanyşdy. Bellenilişi ýaly, bu binada geçiriljek halkara maslahatlaryň ýokary guramaçylyk derejesiniň üpjün edilmegi ugrunda ähli tagallalar edilmelidir. Munuň özi halkara çäreleriniň netijeli häsiýete eýe bolmagyny şertlendirer. Şunda çäreleri geçirmek bilen baglanyşykly ähli meseleler ünsden düşürilmeli däldir. Dünýäniň ösen tejribesiniň we häzirki zamanyň sanly tehnologiýalarynyň ulanylmagyna möhüm ähmiýet berilmelidir. Merkezlerde internet we aragatnaşyk ulgamlarynyň ähli ugurlarynyň sazlaşykly işiniň ýola goýulmagy bilen baglanyşykly meseleler yzygiderli gözegçilikde saklanmalydyr diýip, türkmen halkynyň Milli Lideri belledi we bu babatda birnäçe maslahatlaryny berdi.
Soňra Gahryman Arkadag Aşgabat şäheriniň gözel künjeginde ýerleşýän Halkara kabul edişlik merkezine geldi. Bu ýerde ýokary derejeli myhmanlary kabul etmek hem-de olara milli myhmansöýerlik däpleri esasyndaky hyzmatlary hödürlemek üçin ähli zerur şertler döredilipdir. Şunuň bilen baglylykda, şanly seneleriň hormatyna guralýan halkara çäreleriň guramaçylyk derejesine toplumlaýyn esasda çemeleşilýändigini bellemeli. Bu çäreler daşary ýurtly myhmanlarda Türkmenistan we türkmen halky baradaky ýakymly ýatlamalary emele getirmekde we olarda ajaýyp ýurdumyz baradaky täsirleri galdyrmakda ähmiýetli bolmalydyr diýip, Gahryman Arkadag belledi we bu babatda degişli ýolbaşçylara öwüt-nesihatlaryny berdi.
Türkmen halkynyň Milli Lideri öňde boljak halkara çärelerine taýýarlyk bilen tanyşlygyň dowamynda «Arkadag» myhmanhanasyna geldi. Bu ýerde ýokary derejeli myhmanlary we halkara guramalarynyň wekillerini kabul etmek üçin ähli zerur şertler bar. Gahryman Arkadag meýilleşdirilen halkara çäreleri ýokary guramaçylyk derejesinde geçirmek boýunça kesgitlenen wezipeleri abraý bilen ýerine ýetirmekde hemmelere üstünlik arzuw etdi.
