IŞ ORUNLARY & TENDERLER

Türkmenistanyň Gurluşyk we binagärlik ministrligi bäsleşik yglan edýär

Türkmenistanyň Gurluşyk we binagärlik ministrligi «Türkmen atlary» döwlet birleşiginiň buýurmasy esasynda Balkan atçylyk sport toplumynda, Tehniki tabşyryga laýyklykda, durkuny täzelemek işleri boýunça bäsleşik yglan edýär. Bu barada “Türkmenistan” gazetinde bildiriş çap edildi.

Gyzyklanma bildirýän taraplaryň haýyşnamalary we teklipleri Türkmenistanyň Gurluşyk we binagärlik ministrliginiň Bazary öwreniş we daşary ykdysady gatnaşyklar müdirliginde bellenilen tertipde kabul edilýär hem-de resmileşdirilýär. Haýyşnamalar bildirişiň gazetde çap edilen gününden başlap, 2021-nji ýylyň 1-nji iýulyna çenli kabul edilýär.

Salgysy: Aşgabat şäheriniň Arçabil şaýolunyň 84-nji jaýy.

Habarlaşmak üçin telefon belgileri: 44-46-36, 44-46-64, 44-46-77.

 

ABŞ-nyň ilçihanasynda täze iş mümkinçiligi

Related posts

Arkadag şäheriniň gurluşygynyň ikinji tapgyry üçin bäsleşik

Bäsleşik yglan edilýär!

“Petronas” işe çagyrýar

Ata Watan Eserleri