Türkmenistanyň futbol boýunça milli çempionatynda düýn 3-nji tapgyryň galan iki duşuşygy geçirildi. Olarda «Köpetdag» «Nebitçini», «Aşgabat» «Merwi» kabul etdi.
«Köpetdagda» ýene deňlik
Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň «Köpetdagy» bilen «Nebitçiniň» arasyndaky duşuşyk «Aşgabat» stadionynda geçirildi. Ikitaraplaýyn hüjümlere baý bolandygyna garamazdan, goragçylaryň we derwezeçileriň iňňän hüşgärlik bilen çykyş eden duşuşygynda hasaby açyp, öňe saýlanmak toparlaryň hiç birine-de başartmady. Şeýlelikde, oýun başlanyşy ýaly, 0:0 hasabyndaky deňlik bilen tamamlandy.
Duşuşygyň birinji ýarymynyň ahyryndan başlap, myhman toparyň garşydaşyndan bir oýunçy az bolup oýnandygyny hem aýtmak gerek. Çünki baş emin Babanazar Haknazarow 41-nji minutda «Nebitçiniň» goragçysy Serdar Annaorazowy gödek hereketi üçin oýundan çykardy.
Şeýlelikde, «Köpetdag» möwsümdäki üçünji duşuşygyny hem deňlik bilen tamamlady. Topar üç oýunda toplan 3 utugy bilen ýaryş tertibiniň sekizinji basgançagynda barýar.
Bassyr ikinji duşuşygynda şol bir hasaba (0:0) eýe bolan «Nebitçi» bolsa iki deňlik, bir utulyş bilen 2 utuk toplap bildi. Topar bu netije bilen ýaryş tertibinde «Köpetdagdan» bir basgançak aşakda.
«Aşgabadyň» ilkinji ýeňşi
Günüň Aşgabatda geçirilen ikinji duşuşygynda paýtagtymyzyň adybir topary «Merwi» kabul etdi. Duşuşyk 3:1 hasabynda «Aşgabadyň» peýdasyna tamamlandy.
Myhman topar duşuşygyň 9-njy minudynda tejribeli futbolçysy Begenç Alamowyň 11 metrlik jerime urgusyndan geçiren pökgüsi bilen öňe saýlanan hem bolsa, bu üstünligi bary-ýogy 3 minut saklap bildi. 12-nji minutda «Aşgabat» Döwran Hojammämedowyň geçiren goly bilen hasaby deňledi. 28-nji minutda Şatlyk Gurbanow hasaby «Aşgabadyň» peýdasyna 2:1-e çykardy. Duşuşygyň jemleýji pökgüsini bolsa 90-njy minutda Toýmämmet Sähetmyradow geçirdi.
Bu duşuşykda hem bir futbolçynyň ― 31-nji minutda «Merwden» Döwlet Mirsultanowyň oýundan çykarylandygyny habar berýäris.
3-nji tapgyrdan soň ýaryş tertibi
Bu ýeňiş «Aşgabady» ýaryş tertibiniň dördünji basgançagyna çykardy. Indi paýtagtymyzyň adybir toparynda 4 utuk bar. «Merw» bolsa 1 utuk bilen ýaryşyň ýedinji basgançagynda barýar.
Umuman, 3-nji tapgyrdan soň «Ahal» 10 utuk bilen ýaryşyň başyny çekýär. 7 utukly «Şagadam» ikinji, 6 utukly «Altyn asyr» üçünji orunda. Aşaky orunlary «Aşgabat» (4 utuk), «Köpetdag» (3 utuk), «Nebitçi» (2 utuk), «Merw» we «Energetik» (ikisi hem 1 utuk) paýlaşýar.
Çempionlar Ligasy: “Bawariýa” we “Ãuwentus” indiki tapgyra çykdy