BIZNES

Türkmenistanyň “EKSPO-2025” Bütindünýä sergisine gatnaşar

Türkmenistanyň “EKSPO-2025” Bütindünýä sergisine gatnaşmagyny guramak üçin degişli işlere girişildi. Bu barada sanly ulgam arkaly geçirilen Ministrler Kabinetiniň mejlisinde hasabat berildi.

“Watan” habarlar gepleşiginde bellenilip geçilişi ýaly, Türkmenistanyň ozal birnäçe “EKSPO” sergilerine gatnaşandygy, häzir bolsa BAE-niň Dubaý şäherinde geçirilýän sergisinde ýurdumyzyň kuwwatyny üstünlikli görkezilýändigi habar berildi.

Ýaponiýanyň Osaka şäherinde emeli döredilen Ýumosimo adasynda geçiriljek “EKSPO-2025” Bütindünýä sergisine ýurdumyzyň gatnaşmagyny guramak boýunça taýýarlyk işlerine girişildi.

Halkara Sergiler edarasynyň maglumatyna görä, bu sergi “Ýaşaýyşymyz üçin geljegiň jemgyýetini döredýäris” diýen şygar bilen geçiriler.

 

Halkalaýyn energo ulgamynyň birinji tapgyry taýýar

Related posts

Galla oragyna badalga berler

“Petronas” dekabr aýynda Türkmenistanda geologiýa-gözleg işlerine başlar

Iri hytaý korporasiýalary Aşgabatda senagat hyzmatdaşlygy boýunça taslamalary hödürlediler