BIZNES

Dünýäniň iň ýaş milliarderi

Kim Kardaşýanyň 22 ýaşly gyz jigisi Kaýli Jenner «Forbesiň» sanawyna görä, häzir dünýäniň iň ýaş milliarderidir. Bu barada «Cosmopolitan» neşiri habar berdi.

Sanawa 30 ýaşa ýetmedik milliarderler girizildi. Maşgala meseleleri bilen bagly telegepleşikde surata düşmek bilen bir hatarda modellik bilen hem meşgullanýan Kaýliniň şahsy girdejisi häzir bir milliard dollardan geçdi. Esasy girdejini bolsa oňa degişli bolan «Kylie Cosmetics» kompaniýasy getirýär.

Kaýli 2019-njy ýylda hem «Forbesiň» sanawynda iň ýokarky basgançaga çykypdy. Ol bütin dünýäniň milliarderleriniň sanawynda bolsa 1990-njy orundadyr. Ýeri gelende ýatlatsak, Kaýliniň gyz dogany Kendall Jenner hem 2019-njy ýylda iň köp hak tölenýän modelçi bolupdy.

Related posts

“Amazondan” 2 milliard dollarlyk maýa goýum

TSTB-niň agzalary we BMG Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmekde tagallalaryny birleşdirýärler

Türkmenistanda Bütindünýä gümrük guramasynyň sebitleýin okuw merkezi dörediler