DÜNÝÄ

Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynyň işgärleri Dubaýda sebitleýin okuw çäresine gatnaşdylar

Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynyň gümrük amallaryny awtomatlaşdyrmak  bölüminiň işgärleri Birleşen Arap Emirlikleriniň Dubaý şäherinde ASYCUDA we Bir penjire ulgamlary boýunça geçirilen sebitleýin okuw çäresine gatnaşdylar.

Okuw çäresi Birleşen Milletler Guramasynyň Söwda we ösüş konferensiýasynyň (UNCTAD) we Dubaýyň halkara ynsanperwer merkeziniň goldawy bilen, ASYCUDA we Bir penjire ulgamlaryny ulanyjy ýurtlaryň gümrük edaralarynyň mümkinçiliklerini ýokarlandyrmak üçin UNCTAD usulyýet çäreleriniň çäginde guraldy.

Elektron gümrük we bir penjire ulgamyny durmuşa geçirmek babatda Bütindünýä gümrük guramasy we Birleşen Milletler Guramasynyň Ýewropa Ykdysady Komissiýasy tarapyndan işlenip taýýarlanan standartlar bilen hem-de gümrük işini sanlylaşdyrmak boýunça Merkezi Aziýanyň, Ýakyn Gündogaryň we Ýewropa sebitiniň tejribesi bilen tanyşdyrmak okuw çäresiniň esasy maksady boldy.

Gatnaşyjylar, şeýle-de söwdany ýeňilleşdirmegiň möhüm meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar hem-de ynsanperwer ýükler üçin Dubaýyň halkara merkezine baryp gördüler.

Ýene-de okaň

ÝUNESKO-nyň ştab-kwartirasynda halkara Nowruz baýramyna bagyşlanan dabaraly çäre geçirildi

Seulda türkmen-koreý syýasy geňeşmeleri geçirildi

17-nji aprelde GDA-nyň daşary işler ministrleriniň duşuşygy geçiriler

Aşgabat-Seul: konsullyk meseleleri boýunça geňeşmeler geçirildi

Türkmenistan Ýaponiýanyň gadymy paýtagty bolan Nara şäheri bilen hyzmatdaşlygy giňeldýär

Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Koreýada türkmen talyplary bilen duşuşdy