DÜNÝÄ

Türkmenistanyň daşary işler ministri Eýranyň ýol ministri bilen duşuşdy

Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça üçünji maslahatyna gatnaşmak maksady bilen “Awaza” milli syýahatçylyk zolagyna gelen Eýran Yslam Respublikasynyň Ýol we şäher gurluşygy ministri Farzane Sadeg Malwajerd bilen duşuşdy.

Gepleşikleriň dowamynda taraplar syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ugurlarda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlaryna garadylar.

Ministrler Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça bilelikdäki türkmen-eýran toparynyň bilelikdäki başlyklary hökmünde ikitaraplaýyn gün tertibiniň möhüm meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar.

Medeni-ynsanperwer hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmegiň mümkinçiliklerine hem garaldy.

Related posts

Ýens Stoltenberg maliýe ministri boldy

Türkiýe Respublikasynyň Prezidentiniň orunbasary Türkmenistana sapar bilen geler

Türkmenistanyň Prezidenti Pakistanyň ýolbaşçylaryna gynanç bildirdi