DÜNÝÄ

Türkmenistanyň daşary işler ministriniň Kataryň döwlet ministri bilen duşuşygy

“Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow bilen Katar Döwletiniň Daşary işler ministrliginiň halkara hyzmatdaşlyk boýunça döwlet ministri Marýam bint Ali ben Naser Al-Misnediň arasynda duşuşyk geçirildi.

Duşuşygyň dowamynda taraplar ikitaraplaýyn syýasy dialogy ösdürmek, söwda-ykdysady gatnaşyklary giňeltmek we medeni-ynsanperwer hyzmatdaşlygy çuňlaşdyrmak ýaly özara gyzyklanma bildirilýän meseleleriň giň toplumy boýunça pikir alyşdylar.

Ýokary derejede gazanylan ylalaşyklary durmuşa geçirmek, şeýle hem halkara guramalarynyň çägindäki hyzmatdaşlygy güýçlendirmek bilen baglanyşykly meselelere aýratyn üns berildi. Iki ýurduň arasynda gol çekilen resminamalary işjeň durmuşa geçirmegiň ähmiýeti bellenildi.

Duşuşygyň ahyrynda taraplar özara hormat goýmak we deňlik ýörelgelerine esaslanýan hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmäge ygrarlydyklaryny tassykladylar.

Ýene-de okaň

BMG-niň Terrorçylyga garşy göreşmek boýunça müdirliginiň ýolbaşçysy bilen gepleşikler

Putiniň Gazagystana sapary: milliardlyk maýa goýumy we sürüjisiz gatnawlar

Türkmenistanyň we Pakistanyň daşary işler ministrleri Nýu-Ýorkda duşuşdy

Tokaýew we Putin sürüjisiz awtoulagyň gatnaw taslamasyna badalga berdi

Türkmenistanyň wekiliýeti Duşenbe şäherinde geçirilen halkara suw maslahatyna gatnaşdy

Türkmenistanyň daşary işler ministri ABŞ-nyň Döwlet sekretarynyň orunbasary bilen duşuşdy