DÜNÝÄ

Türkmenistanyň BMG-niň ýanyndaky wekilhanasynyň jemgyýetçilik torlary barada bildiriş

Türkmenistanyň BMG-niň ýanyndaky wekilhanasy özüniň resmi taýdan “Instagram” hem-de “Twitter” jemgyýetçilik torlaryny işe girizendigini habar berýär. Bu barada wekilhananyň resmi saýtynda bellenilip geçilýär.

Bu jemgyýetçilik torlarynyň açylmagy Türkmenistanyň BMG-niň ýanyndaky wekilhanasynyň alyp barýan işleri, täzelikleri hem-de Türkmenistan bilen baglanyşykly habarlary jemgyýetçilik köpçüligi bilen paýlaşmaga giň mümkinçilik döreder.

Bu jemgyýetçilik torlaryna agza bolmak bilen Türkmenistanyň öňe sürýän başlangyçlary, türkmen halkynyň medeniýeti, däp-dessurlary barada yzygiderli habarly bolarsyňyz.

Wekilhananyň “Instagram” we “Twitter” jemgyýetçilik torlary aşakda görkezilendir:

Instagram: @turkmenistan_un

Twitter: @turkmenistan_un

Related posts

Türkmen harytlary dostlugyň nyşany hökmünde Astrahana iberiler

Ahalteke atlarynyň Niderlandlardaky çempionatyna taýýarlyk meseleleri maslahatlaşyldy

Türkmenistanyň wekiliýeti Haýwanlaryň saglygyny goramak boýunça Bütindünýä guramasynyň mejlisine gatnaşýar

Leave a Comment