JEMGYÝET

Türkmenistanyň başlangyjy bilen BMG-de täze kararnama kabul edildi

Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 78-nji mejlisiniň 49-njy umumy mejlisinde biragyzdan aşakdaky kararnamany kabul etdi: “Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmek üçin ulaglaryň ähli görnüşleriniň arasyndaky arabaglanyşyklary berkitmek”.

Türkmenistanyň başlangyjy bilen işlenip düzülen bu kararnama 47 döwlet awtordaş bolup çykyş etdi.

Bu kararnama agza döwletleri durnukly ösüş üçin zerur bolan ähli ugurlarda ulag ulgamynyň we transport infrastrukturasynyň dowamly işlemegine we pugtalandyrylmagyna goldaw bermäge çagyrýar.

2023-nji ýylyň 19-njy sentýabrynda Nýu-Ýorkda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 78-nji mejlisiniň umumy mejlisinde eden çykyşynda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow ileri tutulýan ugurlaryň biri hökmünde ulag ulgamyndaky Durnukly ösüş maksatlarynyň durmuşa geçirilişine ünsi çekdi.

Mälim bolşy ýaly, Türkmenistan bu möhüm ugurda gepleşikler üçin netijeli halkara platformalaryny döretmegiň başyny başlady.

Bu nukdaýnazardan, 2016-njy ýylda Aşgabatda BMG-niň Durnukly ulaglar boýunça ilkinji global maslahaty, şeýle hem 2023-nji ýylyň tomsunda Türkmenistanda BMG bilen hyzmatdaşlykda guralan, deňize çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlaryň ulag ministrleriniň halkara duşuşygy üstünlikli geçirildi.

Ýene-de okaň

Türkmenistanyň başlangyjy bilen “Merkezi Aziýa+ASEAN” formatyny dörediler

Atagulyýew: Türkmenistan ulag geçelgeleriniň ösüşine aýratyn ähmiýet berýär

İlham Aliýew TDG-niň hökümet baştutanlary bilen duşuşdy

Türkmenistan bilen Azerbaýjan ykdysady hyzmatdaşlygy ösdürmegiň geljegini maslahatlaşdy

Türkmen wekiliýetiniň Gruziýanyň portlaryna sapary

Türkmenistanyň wekiliýeti Azerbaýjana sapar bilen bardy