JEMGYÝET

Türkmenistanyň 2024-nji ýyl üçin Maýa goýum maksatnamasynyň taslamasy taýýarlandy

Türkmenistanyň 2024-nji ýyl üçin Maýa goýum maksatnamasynyň taslamasy işlenip düzüldi. Bu barada şu gün geçirilen Ministrler Kabinetiniň sanly ulgam arkaly mejlisinde hasabat berildi.

“Watan” habarlar gepleşiginde bellenilip geçilişi ýaly, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B. Annamämmedow Maýa goýum maksatnamasynyň taslamasy barada hasabat berdi.

Hormatly Prezidentimiziň tabşyrygy boýunça degişli ministrlikler, pudaklaýyn dolandyryş edaralary, welaýatlaryň, Aşgabat we Arkadag şäherleriniň häkimlikleri bilen bilelikde Maýa goýum maksatnamasynyň taslamasy işlenip taýýarlandy.

Onuň çäklerinde:

  • köpugurly iri taslamalaryň ençemesini, şol sanda halkara we sebit ähmiýetli bolan Türkmenistan-Owganystan-Pakistan-Hindistan gaz geçirijisiniň, Balkan welaýatynda täze howa menziliniň, kuwwatlylygy 1574 MWt bolan utgaşykly-dolanyşykly elektrik stansiýasynyň, Aşgabat-Türkmenabat halkara derejeli ýokary tizlikli awtomobil ýolunyň, Garabogazköl aýlagynyň üstünden geçýän köprüniň gurluşygynyň taslamasyny durmuşa geçirmek göz öňünde tutulýar.
  • Şeýle hem Merkezi Aziýa sebitinde iri taslamalaryň biri bolan Arkadag “akylly” şäheriniň ikinji tapgyrynyň gurluşyklary dowam eder.
  • Ýurdumyzyň ilatynyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini gowulandyrmak maksady bilen maýa goýumlaryny durmuş maksatly desgalaryň, şol sanda ýaşaýyş jaýlarynyň, saglygy goraýyş desgalarynyň, bilim ulgamyna degişli orta mekdepleriň we çagalary baglarynyň, awtomobil ýollarynyň, suw, gaz, elektrik geçirijileriniň we aragatnaşyk ulgamlarynyň, şeýle hem suw arassalaýjy desgalaryň gurluşygyna gönükdiriler.

 

Ýene-de okaň

Türkmen döwlet maliýe institutyna täze rektor bellendi

Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş institutyna täze rektor bellendi

Türkmenistanyň Prezidenti Braziliýanyň Baştutanyny diplomatik gatnaşyklaryň 30 ýyllygy bilen gutlady

Türkmenistanyň başlangyjy bilen “Merkezi Aziýa+ASEAN” formatyny dörediler

Atagulyýew: Türkmenistan ulag geçelgeleriniň ösüşine aýratyn ähmiýet berýär

İlham Aliýew TDG-niň hökümet baştutanlary bilen duşuşdy