BILIM

Türkmenistanly mugallymlar iňlis dili boýunça ählumumy onlaýn-okuwlara çagyrylýar

ABŞ-nyň Türkmenistandaky ilçihanasy Online Professional English Network (OPEN) maksatnamasynyň global onlaýn-okuwlarynyň 2025-nji ýyl üçin tomusky sessiýasyna haýyşnamalaryň kabul edilip başlandygy barada habar berýär.

Online Professional English Network (OPEN) maksatnamasynyň global onlaýn-okuwlary iňlis dilini okadýan daşary ýurtly mugallymlar üçin uniwersitet derejesinde innowasion onlaýn-okuwlary geçmäge ajaýyp mümkinçiligini berýär.

OPEN maksatnamasy FHI 360 guramasy tarapyndan dolandyrylyp, ABŞ-nyň Döwlet departamenti tarapyndan maliýeleşdirilýär. Ol gatnaşyjylara iňlis dilini daşary ýurt dili hökmünde okatmagyň döwrebap usuly konsepsiýasyna we meselelerine elýeterliligi üpjün edýär. Okuwlar medeniýeti öwrenmekde tankydy pikirlenmäniň ornaşydyrylmagy, synpda bilim tehnologiýalaryň ulanylyşy, şeýle hem grammatikany öwretmegiň usulyýeti ýaly giň temalary öz içine alýar.

Gatnaşyjylar iňlis dilini okatmak boýunça ABŞ-nyň bilermenleri bilen özara gatnaşyp, dürli ýurtlardan bolan kärdeşleri bilen professional aragatnaşyk gurup bilerler.

Gyzyklanma bildirýän dalaşgärler ýörite formany dolduryp, 15-nji aprele çenli öz haýyşnamalaryny tabşyryp bilerler.

Seçip alma bäsleşik esasda amala aşyrylýar. Ähli saýlanan gatnaşyjylar okuwlardan öňki hökmany taýýarlygy geçmeli.

Okuwlary üstünlikli tamamlan şahslar, ABŞ-nyň Döwlet departamentiniň adyndan şahadatnamalary we sanly nyşanlary alarlar.

Ähli soraglar bilen ashgabatamericanenglishprogram@state.gov elektron salgysy boýunça ýüz tutup bilersiňiz.

Ýene-de okaň

“Makul Sözlük” New York Public Library katalogyna girizildi

Dr.Döwran Orazgylyjov

Türkmenistanda birinji synp okuwçylary üçin mugt onlaýn rus dili kursy açyldy

Ata Watan Eserleri

Türkmen we iňlis uniwersitetleriniň wekilleriniň duşuşygy

Türkmenistanda aprel aýynda halkara ylmy-amaly maslahatlar we olimpiadalar geçiriler

Türkmen ýokary okuw mekdepleri “Lomonosow-2026” forumynyň halkara meýdançasy bolar

Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň wekiliýetiniň London şäherine iş sapary