SPORT

Türkmenistanly futzal emini Aziýanyň Kubogynyň çärýek finalynda eminlik etdi

Indoneziýada dowam edýän futzal boýunça Aziýa Kubogynyň final tapgyrynyň çärýekfinalyň çäginde duşuşan Ýaponiýa bilen Owganystanyň milli ýygyndy toparlarynyň arasyndaky oýunda Türkmenistanyň Futbol federasiýasynyň FIFA derejeli emini Timur Ramazanow eminlik etdi. Türkmenistanly emin bu duşuşykda eýranly Ebrahim Mehrabiafshar bilen bilelikde eminligi amala aşyrdy.

Ýeri gelende bellesek, T.Ramazanow mundan öň toparçalaýyn bäsleşigiň çäginde Ýaponiýa bilen Awtraliýanyň arasynda geçirilen oýunda eminlik edipdi. Şeýle-de, ol Yrak bilen Koreýa Respublikasynyň milli ýygyndy toparlarynyň arasynda geçirilen duşuşykda üçünji eminiň wezipesini ýerine ýetiripdi.

Geçirilen çärýekfinallaryň netijesinde Ýaponiýa Owganystany (6:0), Yrak Tailandy (4:2, Indoneziýa Wýetnamy (3:2), Eýran bolsa Özbegistany (7:4) ýeňlişe sezewar edip ýarymfinala çykmagy başardylar.

5-nji fewralda geçiriljek ýarymfinal duşuşyklarynda Yrak Eýran bilen Indoneziýa bolsa Ýaponiýa bilen duşuşar.

Futzal boýunça 18-nji gezek geçirilýän Aziýa Kubogy 7-nji fewrala çenli dowam eder. Şeýle hem Indoneziýanyň bu yklym ýaryşynyň final tapgyryny eýýäm ikinji gezek kabul edýändigini bellemek ýerliklidir.

Ýene-de okaň

Futbol boýunça dünýä çempionaty: ähli gatnaşyjylar belli boldy

Türkiýä 24 ýyldan soňra dünýä çempionatyna gatnaşar

Ata Watan Eserleri

44 gün tälimçilik etdi

Türkiýäniň ýygyndysyna dünýä çempionatyna bir ädim galdy

Ata Watan Eserleri

Salah “Liwerpuldan” gidýär

Oweçkin 1000 gol sepgidine ýetdi