MEDENIÝET

Türkmenistanda «Gorkut ata» atly halkara kinofestiwaly guralar

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary M.Mämmedowa medeniýet ulgamyna degişli ministrligiň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň 2024-nji ýyl üçin iş meýilnamalary barada hasabat berdi.

“Watan” habarlar gepleşiginde habar berlişi ýaly, şol meýilnamalara laýyklykda, Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy, şeýle hem 2024-nji ýylyň «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýyly, Änew şäheriniň 2024-nji ýylda türki dünýäsiniň medeni paýtagty diýlip yglan edilmegi mynasybetli dürli çäreleri geçirmek, döredijilik bäsleşiklerini yglan etmek göz öňünde tutulýar.
Şunuň bilen birlikde, Halkara medeni hyzmatdaşlygyny mundan beýläk-de ösdürmek, taryhy-medeni ýadygärliklerde rejeleýiş, dikeldiş işlerini alyp barmak we ylmy taýdan öwrenmek boýunça degişli işleri geçirmegi dowam etmek meýilleşdirilýär.
Daşary ýurtlarda Türkmenistanyň Medeniýet günlerini, Türkmenistanda bolsa daşary ýurt döwletleriniň Medeniýet günlerini guramak we geçirmek boýunça diplomatik ýollar arkaly degişli gepleşikleri geçirmek göz öňünde tutulýar.
Bellenilişi ýaly, noýabr aýynda «Gorkut ata» atly halkara kinofestiwalyny guramak meýilleşdirilýär. Şeýle hem daşary ýurtlaryň teleýaýlymlarynda görkezmek üçin ýurdumyzda geçiriljek, amala aşyrylýan syýasaty we Türkmenistanda gazanylýan üstünlikleri beýan edýän möhüm wakalara bagyşlanan dürli telegepleşikler taýýarlanylar.

Ýene-de okaň

Türkmen filmleri “Turan” film festiwalynda görkezildi

Azerbaýjanly opera aýdymçylary Aşgabatda TÜRKSOÝ-yň gala konsertinde çykyş etdiler

Weli Muhadowyň 110 ýyllygy mynasybetli dabaraly konsert geçirildi

TÜRKSOÝ Türkmenistanyň medeniýetine bagyşlanan 3 tomluk neşir taýýarlaýar

Ata Watan Eserleri

Maýkl Jekson baradaky film rekord goýýar

Gyrgyzystanda uçarda ilkinji gezek moda görkezilişi geçirildi

Ata Watan Eserleri