BIZNES

Türkmenistanda elektron söwda ulgamy taýýarlanylýar

Türkmenistanyň Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrliginiň ýanynda döredilen kompýuter tehnologiýalary merkezinde ministrligiň ulgamyna uýgunlaşdyrylan elektron söwdasynyň maksatnamasyny taýýarlamagyň üstünde işlenilýär.

TDH-nyň habar bermegine görä, Aşgabat şäherinde ministrligiň garamagynda dükanlaryň 184-si bolup, şolar onlaýn ýagdaýynda harytlaryň ammarlara gelip gowşuşynyň, söwda nokatlaryna iberilişiniň, satylan we galan möçberiniň elektron gözegçiligini alyp barmaga mümkinçlik berýän sanly ulgam arkaly birleşdiriler.

Bu merkezleşdirilen ulgamyň kömegi bilen hünärmenlerde söwda ulgamynyň ähli nokatlarynda harytlaryň görnüşi bilen üpjün edilişi hakynda maglumat almaga, şolaryň hereket edişine gözegçilik etmäge, dükanlaryň haryt gorlarynyň üpjünçiligini ýola goýmak arkaly öz wagtynda üstüni ýetirmäge mümkinçilik dörär. Bu tehnologiýanyň ornaşdyrylmagy satuw we haryt iberijiler bilen hasaplaşyklar boýunça elektron hasabaty girizmäge, bazarlara netijeli gözegçilik etmäge hem-de dolandyrmaga ýardam eder.

Şunuň bilen birlikde, alyjylar üçin oňaýly bolar ýaly internet giňişliginde her bir dükan hakynda maglumatlary – salgylary, aragatnaşyk belgilerini hil görkezijilerini goşmak bilen harytlaryň görnüşleri, öndürilen senesi we ýeri, gaplanylyşy, ulanyş möhleti bilen bagly maglumatlary özünde jemleýän türkmen, iňlis we rus dillerinde ýörite saýt dörediler.

Saýtda harydy eltip bermek buýrmalaryny resmileşdirmek, sorag-jogap görnüşinde goşmaça maglumatlary almak mümkindir.

Sanly haryt dolanyşygyň programma üpjünçiligini ministrligiň ýanyndaky kompýuter tehnologiýalaryna ýöriteleşdirilen kärhananyň güýji arkaly ýerine ýetirmek göz öňünde tutulýar. Türkmenistanyň Prezidentiniň tabşyrygyna laýyklykda, täze ulgamy ornaşdyrmagy Aşgabatdan başlamak we soňra welaýatlara ýaýratmak meýilleşdirilýär.

 

Telekeçilik Sahypamyz

Telekeçilik bilen meşgullanmak isleýän ýaşlaryň we telekeçileriň söýgüli sahypasy-Telekeçilik Sahypasy!

Ýene-de okaň

Türkmenistandan üstaşyr geçirilen ýükleriň möçberi 7 mln. tonnadan geçdi

Türkmenistan 2025-nji ýylda azyk önümleriniň eksportyny artdyrdy

“Aýdyň Gijeler” önümlerini Afrikadan soňra Arap ýurtlaryna hödürleýär

Türkmen-kuweýt işewürlik hyzmatdaşlygy ara alnyp maslahatlaşyldy

Bangkokda türkmen-tailand hyzmatdaşlygynyň mümkinçilikleri maslahatlaşyldy

Türkmenistanyň Azyk senagaty döwlet birleşiginiň başlygy täzelendi