Türkmenistanda doglan belli rus kosmonawty Oleg Kononenko häzirki wagtda Halkara kosmos bekedinde özüniň nobatdaky işini alyp barýar.
Golaýda ABŞ-nyň “SpaceX” kompaniýasy tarapyndan älem giňişligine çykarylan hem-de olaryň düzüminde ilkinji türk astronawty Alper Gezerawjynyň bolan “Axiom Space” topary Halkara kosmos bekedine bardy. Ol ýerde olary Türkmenistanyň we Russiýanyň Gahrymany, “Roskosmos” agentligine degişli kosmonawtlar toparynyň ýolbaşçysy Oleg Kononenko garşy aldy.

– “Ax-3” topary üçin oňat garşylamak dabarasy boldy. Olaryň arasyndaky Maýkl we Walter bilen ozal hem tanyş. Türk astronawty Alper Gezerawjy bilen ilkinji gezek bu ýerde tanyşdym – diýip, Kononenko belläp geçdi.
Oleg Kononenko 1964-nji ýylyň 21-nji iýunynda Türkmenistanyň Türkmenabat şäherinde (ozalky ady Çärjew) dünýä inýär. Harkow awiasiýa institutyny tamamlaýar. Şondan soňra kosmonawtika ugrunda işleýär.
Halkara kosmos bekedine özüniň ilkinji uçuşyny 2008-nji ýylda amala aşyryp, şonda açyk kosmosa çykýar. 2009-njy ýylda Russiýanyň Gahrymany “Altyn ýyldyz” medaly, 2014-nji ýylda “Watan öňünde bitiren hyzmatlary üçin” diýen ordeniň 4-nji derejesi hem-de 2011-nji ýylda “Kosmosy özleşdirmek babatda bitiren hyzmatlary üçin” diýen medal bilen sylaglanýar.
Oleg Kononenko 2019-njy ýylda Türkmenistanyň Prezidenti tarapyndan “Türkmenistanyň Gahrymany” diýen belent at dakylýar.
