DÜNÝÄ

Türkmenistanda bedenterbiýe we sport meselelerine jogapkär ministrleriň halkara maslahaty geçiriler

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri R.Meredow Ministrler Kabinetiniň mejlisinde Türkmenistanyň bilim, sport we ýaşlar syýasaty ulgamlarynda daşary ýurtly hyzmatdaşlar, şol sanda abraýly halkara guramalar bilen gatnaşyklaryny ösdürmek boýunça görülýän çäreler barada hasabat berdi. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyzyň garamagyna taýýarlanan birnäçe teklipler, hususan-da, ÝUNESKO we onuň Bedenterbiýe we sport boýunça hökümetara komiteti bilen hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak boýunça teklip hödürlenildi.

Mälim bolşy ýaly, ýurdumyz 2017 — 2021-nji ýyllaryň dowamynda bu komitetiň agzasy bolmak bilen, onuň işine işjeň gatnaşdy. Şunuň bilen baglylykda, häzirki wagtda Türkmenistanyň dalaşgärligini bu komitetiň düzüminde 2023 — 2027-nji ýyllar üçin agzalyga hödürlemek hem-de geljek ýyllarda ýurdumyzda bedenterbiýe we sport meselelerine jogapkär ministrleriň halkara maslahatyny geçirmegiň mümkinçiliklerine seretmek teklip edilýär.

Şunuň bilen bir hatarda, ÝUNESKO bilen ylym-bilim ulgamynda özara gatnaşyklary giňeltmek, Birleşen Milletler Guramasynyň bu iri ýöriteleşdirilen edarasy tarapyndan geçirilýän çärelere talyp ýaşlary çekmek boýunça teklipler beýan edildi. Mundan başga-da, şu ýylyň 16 — 19-njy sentýabry aralygynda Nýu-Ýork şäherinde ÝUNESKO-nyň guramagynda geçiriljek Bilim ulgamyny özgertmek boýunça bütindünýä sammitiniň işine Türkmenistanyň wekiliýetiniň gatnaşmagy meýilleşdirilýär.

Ýene-de okaň

Özbegistan Türkmenistanyň üsti bilen Eýrana ynsanperwer kömegine iberdi

Türkmenistanyň Ilçisi Ýuji Beleza we Derya Soýsaly Ilçihanada kabul etdi

Dr.Döwran Orazgylyjov

Gazagystanda täze Konstitusiýa we täze baýramçylyk döredildi

Gazagystanlylaryň 87%-den gowragy täze Konstitusiýanyň taslamasyny goldady

Ata Watan Eserleri

Kabul we Aşgabat TOPH gaz geçirijisiniň ugrundaky ýerleri satyn almak işinde ylalaşýarlar

Millionlarça yzarlaýjysy bolan influenser Ýuji Beleza Türkmenistanyň çäresine gatnaşar

Dr.Döwran Orazgylyjov