JEMGYÝET

Türkmenistanda 26-njy martda gowaça ekişine girişiler

Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti sanly ulgam arkaly geçirilen Ministrler Kabinetiniň mejlisinde ýurdumyzda gowaça ekişiniň seneleri kesgitledi.

“Watan” habarlar gepleşiginde bellenilip geçilişi ýaly, döwlet Baştutany gowaça ekişiniň möwsüminiň golaýlap gelýändigini belledi.

Bu möwsüm pagtaçy babadaýhanlarymyzyň öňünde örän möhüm wezipedir. Şoňa görä-de, ýurdumyzyň ähli welaýatlarynda 26-njy martda gowaça ekişine başlamaga ak pata berýärin. Hormatly ýaşulularymyzdan gowaça ekişine «Bissimilla» bilen başlap bermeklerini haýyş edýärin. Ýurdumyzyň edermen pagtaçy babadaýhanlaryna we ähli oba hojalyk işgärlerine alyp barýan işlerinde uly üstünlikleri arzuw edýärin – diýip, hormatly Prezidentimiz belledi.

Related posts

Türkmenistanyň Prezidenti Müsür Arap Respublikasynyň Prezidentini gutlady

Ata Watan Eserleri

Türkmenistanyň Prezidenti Moskwadaky harby ýörişe gatnaşdy

Ata Watan Eserleri

Arkadag şäheriniň dolandyryş çägi giňeldilýär