BIZNES

Türkmenistan «Russiýa-Yslam dünýäsi: KazanForum» halkara ykdysady foruma gatnaşar

Şu gün geçirilen Ministrler Kabinetiniň mejlisinde Türkmenistanyň «Russiýa-Yslam dünýäsi: KazanForum» halkara ykdysady forumyň çäklerinde guraljak sergä gatnaşmagyna görülýän taýýarlyk barada hasabat berildi. Bu barada Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Nökerguly Atagulyýew habar berdi.

“Watan” habarlar gepleşiginde bellenilip geçilişi ýaly, şu ýylyň maý aýynda geçiriljek «Russiýa-Yslam dünýäsi: KazanForum» halkara ykdysady forumyň çäklerinde guraljak halkara sergisine Türkmenistanyň gatnaşmagy bilen baglanyşykly taýýarlyk işleri alnyp barylýar.

Bu sergide ýurdumyzyň medeni gymmatlyklary, söwda-ykdysady we maýa goýum mümkinçilikleri, şeýle hem eksport ugurly täze önümler tanyşdyrylar. Oňa ýurdumyzyň dürli pudaklarynyň wekilleri, şeýle hem hususy haryt öndürijileri gatnaşar.

 

Related posts

Türkmenistan bilen Owganystan TOPH taslamasy üçin iş toparyny döreder

Türkmenistan harytlaryň gelip çykýan ýerleri bilen baglanyşykly meseleleri tertipleşdirýär

Ata Watan Eserleri

Türkmenistan Maliye ve Ekonomi Bakanı değişti