JEMGYÝET

“Türkmenistanyň zähmet bazaryny 2030-njy ýyla çenli ösdürmegiň konsepsiýasyny” kabul etmek teklip edildi

Şu gün paýtagtymyz Aşgabatda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisi geçirildi. Türkmen halkynyň Milli Lideri Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisindäki çykyşynda ykdysadyýetiň puaklarynda amala aşyrylýan özgertmeleriň ilatyň iş üpjünçiliginiň gowulanmagyna ýardam edýändigini belledi.

Şunuň bilen baglylykda, halkara guramalary we daşary ýurtlar, şol sanda Halkara Zähmet Guramasynyň konwensiýalaryna goşulmak bilen iş üpjünçiligi pudagynda hyzmatdaşlygy giňeltmekde möhüm ädim boljak “Türkmenistanyň zähmet bazaryny 2030-njy ýyla çenli ösdürmegiň konsepsiýasyny” kabul etmegiň maksadalaýyk boljakdygy nygtaldy.

Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow ýurduň durmuş-ykdysady ösüşi üçin berk esas bolup durýan pul, walýuta, maliýe we salgyt-býujet ulgamlarynyň yzygiderli kämilleşdirilmegine kanagatlanma bildirdi. Ýerli telekeçiler tarapyndan ýokary hilli, bäsdeşlige ukyply önüm öndürmek, azyk howpsuzlygyny berkitmek we häzirki zaman senagat kärhanalaryny, şäherleri we obalary gurmak boýunça alnyp barylýan işler hem bellenildi.

Maliýe bazaryny ösdürmegiň, telekeçiligiň täze görnüşlerini we usullaryny ornaşdyrmagyň zerurdygyna aýratyn ünsi çeken türkmen halkynyň Milli Lideri, ýurdumyzyň depginli ösüşiniň täze tapgyrynyň başlangyjy boljak 2030-njy ýyla çenli maliýe bazaryny ösdürmegiň strategiýasyny hem-de kiçi we orta telekeçiligi goldamagyň milli maksatnamasyny  kabul etmegi möhüm wezipeleriň hatarynda kesgitledi.

Ýene-de okaň

Türkmenistanyň daşary işler ministri BMG-niň Baş sekretary bilen duşuşdy

Türkmen halkynyň Milli Lideri baýram namazyna gatnaşdy

Ata Watan Eserleri

Türkmenistanyň daşary işler ministri BMG-niň Howpsuzlyk Geňeşinde Bitaraplygyň dostlary toparynyň adyndan çykyş etdi

Türkmenistanyň Daşary işler ministri BMG-niň Howpsuzlyk Geňeşiniň ýokary derejeli açyk pikir alyşmalaryna gatnaşdy

Türkmen halkynyň Milli Lideri Ýaşulular geňeşinde Arkadag şäherine wekilçilk eder

Türkmenistanda Gurban baýramy bellenýär

Ata Watan Eserleri