Türkmenistan döwletimizde 2024-nji ýylyň ilkinji bäbejigi Arkadag şäherindäki Enäniň we çagaynyň saglygyny goraýyş merkezinde dünýä indi. Ene-atasy «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda dünýä inen bu bäbejige Arkadag diýip at goýdular. Ol ýurtda 2024-nji ýylda dünýä inen ilkinji çagadyr.
«Watan» habarlar gepleşiginde habar berlişi ýaly, «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynyň ilkinji bäbegi Arkadag şäherinde Kakageldiýewleriň maşgalasynda dünýä indi. Bu bäbek Kakageldiýewleriň maşgalasyndaky 3-nji çagasydyr.

Dünýä inen ogul bäbejigiň agramy 4 kilogram 230 gram bolup, boýy 54 samtimetr hökmünde bellige alyndy. Täze ýylyň ilkinji pursatlarynda dünýä inen bäbejigiň ýagdaýynyň kanagatlanarldygyny bellenildi.
«Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynyň ilkinji bäbejigiň maşgalasyna Türkmenistanyň Prezidenti hem-de türkmen halkynyň Milli Lideriniziň adyndan sowgatlar dabaraly ýagdaýda gowşuryldy.
Arkadag diýlip atlandyrylan bäbejik Ahal welaýatynyň Gökdepe etrabynyň Yzgant şäherçesindäki Kakageldiýewleriň maşgalasynda dünýä indi.
