JEMGYÝET

Türkmenistan Ukrainanyň teleýaýlymynyň habaryna nägilelik bildirdi

Ukrainanyň habar beriş serişdeleri tarapyndan Türkmenistan barada ýaýradylan habarlar bilen baglanyşykly Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi aşakdakylary yglan edýär.
Türkmen tarapy, şu ýylyň 8-nji iýulynda Ukrainanyň “FREEДОМ” teleýaýlymynda internete girmek nukdaýnazaryndan “ýapyklygy” barada aýdylýan ikitaraplaýyn we nädogry maglumatlara nägileligini bildirdi.
FREEДОМ” teleýaýlymynyň Türkmenistan barada bilkastlaýyn ýalan we ýoýulan maglumatlary ýaýratmak arkaly tomaşaçylaryna nädogry maglumat bermeginiň ilkinji gezek däldigini bellemelidiris.
Bularyň hemmesi, Türkmenistanyň garaşsyzlygynyň ähli döwründe türkmen tarapynyň ukrain halkyna berýän köp ýyllyk ykdysady we ynsanperwer goldawynyň amala aşyrylýan döwründe bolup geçýär.
Şeýlelik bilen, 1990-njy ýyllardan başlap, Türkmenistan köp ýyldan bäri Ukraina uly möçberde tebigy gaz iberdi. Mundan başga-da, bu döwürde birnäçe ukrain kompaniýasy Türkmenistanda milliardlarça dollar bahasy bolan energetika, ýol ulaglary, aragatnaşyk, infrastruktura we beýleki ugurlarda köp sanly taslamany durmuşa geçirdi. Bu kompaniýalar häzir hem biziň ýurdumyzda işleýär.
Ýokardakylara esaslanyp, türkmen tarapy maglumat syýasaty üçin jogapkär Ukrainanyň degişli döwlet edaralaryndan ýokarda agzalan faktlaryň geljekde gaýtalanmazlygy üçin Ukrainanyň kanunçylygyna laýyklykda zerur çäreleri görmegini talap edýär.

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň metbugat gullugy

Ýene-de okaň

Türkmenistan-Özbegistan Ýokary Geňeşini döretmek meýilleşdirilýär

Türkmen halkynyň Milli Lideri Özbegistanyň Prezidentini doglan güni bilen gutlady

Türkmenistanyň Prezidenti Özbegistanyň Prezidentini doglan güni bilen gutlady

Türkmenistanyň ilçisi Maldiw Respublikasynyň Prezidentine ynanç hatyny gowşurdy

Türkmenistan BMG-niň Howpsuzlyk Geňeşiniň hemişelik däl agzalygyna dalaşgärligini hödürledi

Türkmenistanyň Prezidenti Müsür Arap Respublikasynyň Prezidentini gutlady