JEMGYÝET

Ýewropa Bileleşigi Türkmenistana minnetdarlyk bildirdi

2025-nji ýylyň 8-nji iýulynda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow bilen  Ýewropa Bileleşiginiň daşary işler we howpsuzlyk syýasaty boýunça ýokary wekili, Ýewropa Komissiýasynyň wise-prezidenti hanym Kaýa Kallasyň arasynda telefon söhbetdeşligi boldy.

Söhbetdeşlikde hanym Kaýa Kallas Türkmenistana Eýrandan Ýewropa Bileleşiginiň ýurtlarynyň raýatlaryna ynsanperwerlik geçelgesini döredendigi üçin minnetdarlyk bildirdi.

Taraplar Türkmenistan bilen Ýewropa Bileleşiginiň arasyndaky gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmek meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar. Merkezi Aziýa döwletleriniň daşary işler ministrleri bilen  Ýewropa Komissiýasynyň wise-prezidentiniň şu ýylyň mart aýynda Aşgabatda geçirilen duşuşygynyň netijeliligi bellendi.

Türkmenistanyň we Ýewropa Bileleşiginiň daşary syýasat edaralarynyň ýolbaşçylary 2025-nji ýylyň aprelinde Samarkantda geçirilen ÝB-niň we Merkezi Aziýa döwletleriniň Baştutanlarynyň ilkinji sammitiniň ähmiýetini aýratyn bellediler.

Mundan başga-da, taraplar syýasy we diplomatik hyzmatdaşlygyň mundan beýläk-de giňeldilmegi, şeýle hem sebitara we halkara gyzyklanma bildirýän meseleleriň giň toparyna garadylar.

Ýene-de okaň

Türkmenistanda “Galkynyş” gaz döwlet kärhanasy dörediler

Türkmenistanyň we Türkiýäniň daşary işler ministrleri Antalýada duşuşdy

Türkmenistanyň daşary işler ministri Antalýa diplomatiýa forumyna gatnaşýar

Ata Watan Eserleri

Türkmenistan «Merkezi Aziýa – Russiýa» daşary işler ministrleriniň 9-njy duşuşygyna gatnaşdy

Ata Watan Eserleri

Türkmen halkynyň Milli Lideri: “Galkynyş” gaz käniniň IV tapgyrynda 1041 sany täze iş orny dörär

Hytaýyň wise-premýeri: “Galkynyş” gaz käni türkmen-hytaý hyzmatdaşlygyny täze derejä çykarýar

Ata Watan Eserleri