JEMGYÝET

Türkmenistan täze, 2024-nji ýyly garşylady

Şu gün Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistanyň halky 2024-nji ýyly şatlyk we dabara bilen garşylady. Täze ýyl baýramynyň esasy wakalarynyň geçýän ýeri bolan “Älem” medeni-dynç alyş merkeziniň öňündäki meýdança boldy.

Bu ýerde baýramçylyk konserti geçirildi. Şeýle hem teleköpri arkaly Aşgabatdaky Täze ýyl dabarasyna ilkinji gezek Arkadag şäheri hem goşuldy. Täze ýyl baýramçylyk gutlaglarynyň teleköprüsi Arkadag şäheri bilen başlandy.

Soňra Ahal, Balkan, Daşoguz, Lebap we Mary welaýatynyň hormatly ýaşulular, häkimler, ýurdumyzyň sebitleriniň ýaşaýjylary, ýaş türkmenistanlylar döwlet Baştutanymyzy, ähli halkymyzy Täze ýyl baýramçylygy bilen gutladylar. Ajaýyp aýdymdyr tanslar ýerine ýetirildi.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow ildeşlerimize Täze ýyl Gutlagy bilen ýüzlendi. Ähli ildeşlerimiz döwlet Baştutanymyzyň Gutlagyny uly üns bilen diňlediler.

Baýramçylyk feýerwerkiniň ajaýyp öwüşginleri Aşgabadyň asmanyny bezäp, özüniň dürli reňkleri bilen Täze ýyl gijesini ýagtylandyrýar. Goý, ýetip gelen 2024-nji ýyl bizi öňde goýan beýik maksatlarymyza ýetirsin, Watanymyz mundan beýläk-de gülläp össün!

Täze ýylyňyz gutly bolsun!

Ýene-de okaň

Türkmenistanyň başlangyjy bilen “Merkezi Aziýa+ASEAN” formatyny dörediler

Atagulyýew: Türkmenistan ulag geçelgeleriniň ösüşine aýratyn ähmiýet berýär

İlham Aliýew TDG-niň hökümet baştutanlary bilen duşuşdy

Türkmenistan bilen Azerbaýjan ykdysady hyzmatdaşlygy ösdürmegiň geljegini maslahatlaşdy

Türkmen wekiliýetiniň Gruziýanyň portlaryna sapary

Türkmenistanyň wekiliýeti Azerbaýjana sapar bilen bardy