Türkmenistanyň halky Täze 2023-nji ýyly uly ruhubelentlik bilen garşy aldy. Ýurdumyzy gurşap alan Täze ýylyň baýramçylygy ähli ýerde giňden ýaýbaňlandyryldy.
2022-nji ýylyň 15-nji dekabrynda paýtagtymyz Aşgabatda we welaýat merkezlerinde Täze ýylyň Baş arçalarynyň yşyklary ýakyldy.
Paýtagtymyz Aşgabadyň gözel künjekleriniň birinde – “Älem” medeni-dynç alyş merkeziniň meýdançasyndaky ýurdumyzyň Baş arçasynyň ýanynda guralan Täze ýyl dabaralary baýramçylyk çäreleriniň esasyny düzdi.
Bu ýerde göni ýaýlymda ýurdumyzyň sungat ussatlarynyň baýramçylyk konserti boldy. Soňra ýurdumyzyň welaýat merkezleriniň we paýtagtymyz Aşgabadyň arasynda baýramçylyk teleköprüsi guraldy.
Baýramçylyk teleköprüsi arkaly ýurdumyzyň welaýatlarynyň we Aşgabat şäheriniň ýaşululary hem-de ýaş kiçileri Türkmenistanyň Prezidentini Täze ýyl baýramçylygy bilen gutlady.
Sagat 23:45-i görkezende Türkmenistanyň Prezidentiniň “Oguzhan” köşkler toplumyndan göni ýaýlymda Türkmenistanyň Prezidentiniň türkmen halkyna Täze ýyl gutlagy alnyp berildi.
Türkmenistanyň Prezidenti öz Gutlagynda türkmen halkyny ýetip gelen Täze 2023-nji ýyl bilen gutlady.
Döwet Baştutany öz çykyşynda 2022-nji ýylda ýurdumyzyň gazanan üstünlikleri barada durup geçdi. Hususan-da, Türkmenistanyň ähli künjeklerinde ulanmaga berlen möhüm desgalar barada agzaldy. Olaryň arasynda önümçilik, ulag, dynç alyş, saglygy goraýyş ýaly ulgamlara degişli binalar bar.
Şeýle hem döwlet Baştutany 2023-nji ýyly “Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar” ýyly diýlip yglan edilendigini belläp, geljek ýylda-da ýurdumyzyň ähli pudaklarynda uzakmöhletleýin ösüşleri nazarlaýan maksatnamalaryň durmuşa geçiriljekdigini mälim etdi.
Sagat 00:00 bolanda Türkmenistanyň milli senasy ýaňlandy we asmany dürli öwüşginli feýerwerkler bezedi.
Biz hem “Atawatan Media” topary hökmünde Türkmenistanyň halkyny Täze ýyl bilen tüýs ýürekden gutlaýarys.
Täze ýylyňyz gutly bolsun!!!