DÜNÝÄ

Türkmenistan Russiýa bilen hyzmatdaşlygyny ösdürer

Türkmenistanyň Russiýa Federasiýasy bilen 2021-2023-nji ýyllar üçin hökümetara ykdysady hyzmatdaşlyk maksatnamasynyň taslamasy barada hasabat berildi. Bu barada Ministrler Kabinetiniň sanly ulgam arkaly geçirilen mejlisinde habar berildi.

“Watan” habarlar gepleşiginde bellenilip geçilişi ýaly, 3 ýyllyk möhlete niýetlenilen bu resminamada özara söwdanyň haryt dolanyşygyny giňeltmegi nazara almak bilen, netijeli gatnaşyklaryň ähli ugurlary gurşalyp alyndy.

Senagat, energetika, oba senagat toplumy, ýokary tehnologiýalar, hyzmatlar ulgamy, maliýe we beýlekiler ileri tutulýan ugurlar hökmünde kesgitlendi.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, Russiýa Federasiýasynyň Türkmenistanyň esasy söwda-ykdysady hyzmatdaşlarynyň biridigini belledi.

Täze kanunçylyk namalaryna serediler

 

Related posts

Türkmen ilçisi Gruziýanyň Içeri işler ministri bilen duşuşdy

Gyrgyzystan türkmen tebigy gazy bilen gyzyklanýar

21-nji maý Halkara çaý güni