BIZNES

Türkmenistan Özbegistanyň iri söwda hyzmatdaşy

Türkmenistan bilen Özbegistanyň arasyndaky söwda-ykdysady gatnaşyklar yzygiderli ösdürilýär. Muňa iki ýurduň arasyndaky haryt dolanyşygynyň görkezijileri hem aýdyň şaýatlyk edýär.

Özbegistanyň Döwlet statistika edarasynyň maglumatyna görä, Türkmenistan Özbegistanyň iri söwda hyzmatdaşlarynyň biridir. 2022-nji ýylyň ýanwar-noýabr aýlarynda haryt dolanyşygy 858.6 million dollara deň boldy.

Bu görkezijilerde Türkmenistanyň Özbegistana eksporty agdyklyk edýär. Degişli hasabat döwründe Türkmenistan Özbegistana 674.3 million dollar möçberinde dürli harytlaryň eksportuny amala aşyrdy. Şol döwürde Özbegistanyň eksporty bolsa 184,3 million dollara deňeçär boldy.

2022-nji ýylyň 11 aýynyň dowamynda iki goňşy ýurduň arasyndaky haryt dolanyşygy 12,7 göterim artdy.

Şol bir wagtda Özbegistan tarapy iki ýurduň arasynda gazanylan ylalaşyga laýyklykda, serhetýaka söwda merkezini döretmek taslamasynyň gysga wagtda durmuşa geçirilmegi ugrunda tagalla edýär.

Mundan başga-da, Özbegistanyň eksport harytlaryny Türkmenistanyň üsti bilen daşary ýurt bazaryna ibermek üçin degişli işler ýola goýuldy. Özbek tarapy Türkmenistanyň ulag-logistika mümkinçiliklerinden peýdalanyp, özüniň eksport harydyny Türkmenbaşy halkara deňiz porty arkaly Ýewropa bazaryna çykarýar.

Ýene-de okaň

2026-njy ýylda Türkmenistanyň nebitgaz pudagynda iri taslamalary durmuşa geçirmek meýilleşdirilýär

Türkmenistanda ýasy ýaprakly senna tohumyndan kofe taýýarlandy

Türkmenistanda iki aýda jemi içerki önümiň ösüşi 6,3 göterim artdy

Tejen şäherinde döwrebaplaşdyrylan awtomenzil ulanylmaga berildi

Hytaý milliarderleriň sany boýunça ýene-de dünýä lideri boldy

2026-njy ýylda Türkmenistanda ulag pudagynda garaşylýan netijeler