JEMGYÝET

Türkmenistan-Özbegistan: resminamalaryň uly toplumyna gol çekildi

Daşkentde Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow bilen Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýewiň arasynda geçirilen ýokary derejeli gepleşikleriň jemleri boýunça ikitaraplaýyn resminamalary alyşmak we gol çekmek dabarasy geçirildi.

«Kuksaroý» köşgüniň metbugat maslahatlary otagynda iki ýurduň döwlet Baştutanlary dabaraly ýagdaýda Bilelikdäki Beýannama öz gollaryny goýdular. Umuman, hormatly Prezidentimiziň Özbegistana döwlet saparynyň çäklerinde dürli ugurlara degişli möhüm resminamalaryň uly toplumyna gol çekildi we alşyldy.

Şolaryň hatarynda:

  • Türkmen-özbek serhetýaka söwda zolagynyň işi hakynda Türkmenistanyň Hökümeti bilen Özbegistan Respublikasynyň Hökümetiniň arasynda Şertnama;
  • biologik howpsuzlygy üpjün etmek meseleleri boýunça Türkmenistanyň Hökümeti bilen Özbegistan Respublikasynyň Hökümetiniň arasynda özara düşünişmek hakynda Ähtnama;
  • 2013-nji ýylyň 25-nji noýabryndaky Türkmenistanyň Hökümeti bilen Özbegistan Respublikasynyň Hökümetiniň arasynda adatdan daşary ýagdaýlaryň öňüni almak we olaryň netijelerini ýok etmek babatda hyzmatdaşlyk etmek hakynda Ylalaşyga goşmaçalar girizmek hakynda Teswirnama;
  • Türkmenistanyň Hökümeti bilen Özbegistan Respublikasynyň Hökümetiniň arasynda saglygy goraýyş we lukmançylyk ylymlary babatda hyzmatdaşlyk etmek hakynda Ylalaşyk;
  • Türkmenistanyň Hökümeti bilen Özbegistan Respublikasynyň Hökümetiniň arasynda oba hojalygy babatda hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmek hakynda Ylalaşyk;
  • 1996-njy ýylyň 16-njy ýanwaryndaky halkara awtomobil ýolagçy we ýük gatnawy hakynda Türkmenistanyň Hökümeti bilen Özbegistan Respublikasynyň Hökümetiniň arasynda Ylalaşyga goşmaçalary we üýtgetmeleri girizmek hakynda Teswirnama;
  • 2026-2027-nji ýyllarda Türkmenistanyň Adalat ministrligi bilen Özbegistan Respublikasynyň Adalat ministrliginiň arasynda hyzmatdaşlyk etmegiň Maksatnamasy;
  • 2026-2027-nji ýyllarda Türkmenistanyň Medeniýet ministrligi bilen Özbegistan Respublikasynyň Medeniýet ministrliginiň arasynda medeniýet ulgamynda hyzmatdaşlyk etmegiň Maksatnamasy;
  • 2026 — 2030-njy ýyllarda Türkmenistanyň Daşky gurşawy goramak ministrligi bilen Özbegistan Respublikasynyň Ekologiýa, daşky gurşawy goramak we howanyň üýtgemegi ministrliginiň arasynda tokaý hojalygy babatda hyzmatdaşlyk etmek hakynda «Ýol kartasy»;
  • Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary instituty bilen Özbegistan Respublikasynyň Prezidentiniň ýanyndaky Strategik we sebitara barlaglar institutynyň arasynda türkmen-özbek bilermenler geňeşini döretmek hakynda Ähtnama;
  • Türkmenistanyň Döwlet, hukuk we demokratiýa instituty bilen Özbegistan Respublikasynyň Prezidentiniň ýanyndaky Kanunçylyk we hukuk syýasaty institutynyň arasynda hyzmatdaşlyk etmek hakynda Ähtnama bar.

Şeýle hem:

  • Türkmenistanyň Daşoguz welaýatynyň häkimligi bilen Özbegistan Respublikasynyň Garagalpak Respublikasynyň Ministrler Geňeşiniň arasynda söwda-ykdysady, ylmy-tehniki we medeni-ynsanperwer ugurlarda hyzmatdaşlyk etmek hakynda Ylalaşyk;
  • Türkmenistanyň Ahal welaýatynyň häkimligi bilen Özbegistan Respublikasynyň Daşkent oblastynyň häkimiýetiniň arasynda söwda-ykdysady, ylmy-tehniki, we medeni-ynsanperwer ugurlarda hyzmatdaşlyk etmek hakynda Ylalaşyk;
  • Türkmenistanyň Lebap welaýatynyň häkimligi bilen Özbegistan Respublikasynyň Surhanderýa oblastynyň häkimiýetiniň arasynda söwda-ykdysady, ylmy-tehniki we medeni-ynsanperwer ugurlarda hyzmatdaşlyk etmek hakynda Ylalaşyk;
  • Türkmenistanyň Lebap welaýatynyň häkimligi bilen Özbegistan Respublikasynyň Kaşkaderýa oblastynyň häkimiýetiniň arasynda söwda-ykdysady, ylmy-tehniki we medeni-ynsanperwer ugurlarda hyzmatdaşlyk etmek hakynda Ylalaşyk bolsa iki ýurduň sebitleriniň arasyndaky gatnaşyklary has-da işjeňleşdirmegiň täze gözýetimlerini açar.

Resminamalary alyşmak we gol çekmek dabarasy tamamlanandan soňra, iki ýurduň döwlet Baştutanlary metbugat wekillerine ýüzlenme bilen çykyş etdiler.

Ýene-de okaň

Türkmenistanyň Prezidentiniň Özbegistana döwlet sapary tamamlandy

Türkmenistanyň Prezidenti “Ýokary derejeli dostluk” ordeni bilen sylaglandy

Ata Watan Eserleri

Türkmenistanyň we Özbegistanyň Prezidentleri serhetýaka söwda merkeziniň açylyş dabarasyna gatnaşdy

Ata Watan Eserleri

Türkmenistan-Özbegistan: haryt dolanyşygy 2 milliarda ýetiriler

Ata Watan Eserleri

Türkmenistan bilen Özbegistanyň Prezidentleriniň ikiçäk duşuşygy geçirildi

Ata Watan Eserleri

Türkmenistanyň Prezidenti Özbegistanyň Garaşsyzlyk ýadygärligine gül goýdy

Ata Watan Eserleri