DÜNÝÄ

Türkmenistan-Özbegistan: hyzmatdaşlygyň täze ugurlaryny maslahatlaşýar

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Türkmenistan bilen Özbegistanyň Daşary işler ministrlikleriniň arasyndaky geňeşmelere gatnaşmak üçin ýurdumyza gelen Özbegistan Respublikasynyň Prezidentiniň ýanyndaky Howpsuzlyk geňeşiniň sekretarynyň orunbasary, Özbegistan Respublikasynyň Prezidentiniň daşary syýasat meseleleri boýunça ýörite wekili Abdulaziz Karimowy hem-de  Özbegistan Respublikasynyň daşary işler ministriniň wezipesini ýerine ýetiriji Wladimir Norowy kabul etdi.

“Watan” habarlar gepleşiginde bellenilip geçilişi ýaly, duşuşygyň barşynda taraplar iki ýurduň arasyndaky gatnaşyklar we sebit meseleleri boýunça pikir alyşdylar.

Bellenilişi ýaly, Türkmenistanyň Prezidentiniň şu ýylyň 15-16-njy sentýabrynda Samarkantda geçiriljek Şanhaý Hymztdaşlyk Guramasynyň nobatdaky sammitine hormatly myhman hökmünde gatnaşmagy sebitleýin howpsuzlygy üpjün etmek meselelerinde özara gatnaşyklaryň ösdürilmegini şertlendirer.

Türkmenistanyň Prezidentiniň Özbegistana amala aşyran döwlet saparynda gazanylan ylalaşyklaryň esasynda türkmen-özbek hyzmatdaşlyk gatnaşyklarynyň gerimini giňeltmek duşuşygyň gün tertibiniň esasy meselesi boldy.

Iki ýurduň işewür düzümleriniň arasynda gatnaşyklary ösdürmek boýunça hem pikir alşyldy.

Ýene-de okaň

ÝUNESKO-nyň ştab-kwartirasynda halkara Nowruz baýramyna bagyşlanan dabaraly çäre geçirildi

Seulda türkmen-koreý syýasy geňeşmeleri geçirildi

17-nji aprelde GDA-nyň daşary işler ministrleriniň duşuşygy geçiriler

Aşgabat-Seul: konsullyk meseleleri boýunça geňeşmeler geçirildi

Türkmenistan Ýaponiýanyň gadymy paýtagty bolan Nara şäheri bilen hyzmatdaşlygy giňeldýär

Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Koreýada türkmen talyplary bilen duşuşdy