SYÝAHATÇYLYK WE SAGLYK

Türkmenistan-Owganystan: saglyk ulgamynda hyzmatdaşlyk

Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň wekilleri bilen Owganystanyň Hyrat şäherindäki “Loqman Hakim Complex Hospital” köpugurly hususy hassahanasynyň lukmanlarynyň arasynda wideoaragatnaşyk arkaly duşuşyk geçirildi.

Onda saglyk ulgamynda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy giňeltmek we transplantologiýa ugrunda özara tejribe alyşmak meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.

Duşuşygyň başynda owgan tarapy bu ugurda öz gazanan tejribeleri barada giňişleýin gürrüň berdiler. Şeýle-de saglyk ulgamynda turkmen lukmanlary bilen işjeň gatnaşyklaryny ýola goýmak isleýändiklerini aýtdylar. Olar lukmanlaryň birek-birege saparlaryny gurnamak bilen ýakyndan tejribe alyşmak usulynyň has-da netijeli boljakdygyny nygtadylar. Owgan tarapy agzalan ugurlarda özara tejribe alyşmak üçin türkmen lukmanlaryny Owganystanyň Hyrat welayatyna iş sapary bilen gelmäge çagyrdylar.

Türkmen tarapy hem öz gezeginde, saglyk ulgamynda özara hyzmatdaşlygy ýola goýmaga bildiren gyzyklanmalary we beren gyzykly gürrüňleri üçin owgan tarapyna minnetdarlyk bildirdi we ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy ösdürmäge taýýardyklaryny aýtdylar.

Ýene-de okaň

2025-nji ýylda dünýä boýunça halkara syýahatçylaryň sany 4 % artdy

Ata Watan Eserleri

Saglygy goraýyş çygrynda türkmen-gruzin hyzmatdaşlygy pugtalanýar

THY: Aşgabat-Stambul gatnawlarynyň sanyny hepdede 17-ä çykaryldy

German lukmanlary Türkmenistanda iş saparynda bolýarlar

Türkmenistan Bütindünýä saglyk gününi sport çäreleri bilen bellär

Özbegistanda syýahatçylyk çalt ösýär: täze strategiýa ykdysady ösüşi güýçlendirýär