DÜNÝÄ

Türkmenistan “Lapis Lazuli” ulag geçelgesi boýunça ulag ministrleriniň duşuşygyna gatnaşdy

Türkiýäniň, Türkmenistanyň, Azerbaýjanyň, Gruziýanyň we Owganystanyň ulag pudagynyň ýokary derejeli ýolbaşçylary Stambulda geçirilen “Lapis Lazuli” ulag geçelgesiniň ministrler derejesindäki duşuşygyna gatnaşdy. Türkmenistan bu duşuşyga «Türkmenawtoulaglary» agentliginiň ýolbaşçysy bilen wekilçilik etdi.

Duşuşykda “Lapis Lazuli” geçelgesine degişli döwletlerde söwdany ýeňilleşdirmek, medeni gatnaşyklary berkitmek we sebitdäki ykdysady ösüşi goldamak üçin bu taslama arkaly ajaýyp mümkinçilikleriň bardygyny bellediler. Duşuşyga gatnaşyjylar ýol we demir ýol ulaglaryndaky infrastruktura maýa goýumlary, nyrhlar we gümrük tejribesi, administratiw meseleler we howpsuzlyk çäreleri barada pikir alyşdylar.

Türkiýäniň ulag we infrastruktura ministri Abdulkadir Uraloglu ilki bilen infrastrukturadaky kemçilikleri düzetmek, geçelgedäki arabaglanyşyklary kämilleşdirmek we tamamlamak meselesine ünsi jemlejekdiklerini aýtdy. “Geçelgäniň kuwwatyny we täjirçilik taýdan özüne çekijiligini ýokarlandyrmak üçin portlara, demir ýollara we awtomobil ýollara maýa goýumlary zerur” diýip, türk ministri belledi.

Şeýle hem duşuşykda bu ulag geçelgesi boýunça tehniki iş toparynyň ýylda 2 gezek duşuşygyny gurnamak, şeýle hem ministrler derejesindäkiu duşuşygy her ýyl azyndan bir gezek gurnamak boýunça ylalaşyldy.

“Lapis Lazuli” ulag geçelgesi boýunça ulag ministrleriniň geljek ýyldaky duşuşygy Türkmenistanda geçiriler.

Ýene-de okaň

Türkmenistan Ösüş boýunça ylym we tehnika komissiýasynyň agzalygyna saýlandy

Wengriýada Orban döwri tamamlandy: täze Premýer-ministr Peter Madýar boldy

Antalýada Türki döwletleriniň guramasynyň daşary işler ministrleriniň duşuşygy bolar

Türkmenistanyň Mejlisinde täze kanun taslamalary kabul edildi

Aşgabatda Ýewropa güni mynasybetli köpçülikleýin sport çäresi guraldy

Aşgabatdaky Eýranyň medeniýet merkezinde ýurduň merhum Liderini hatyralamak çäresi geçirildi