DÜNÝÄ

Türkiýä uçar gatnawlary çäklendirildi

Russiýa Federasiýasy Türkiýe Respublikasyndaky koronawirus ýokanjy bilen baglanyşykly emele gelen çylşyrymly ýagdaý sebäpli uçar gatnawlaryny çäklendirdi. Bu barada Russiýanyň hökümet başlygynyň orunbasary Tatiana Golikowa mälim etdi. Çäklendirme 15-nji aprel-1-nji iýun aralygyny öz içine alýar.

Saýtymyz 1-njilik ornuny has-da berkidýär

Russiýanyň wise-premýeriniň aýtmagyna görä, hepdede 2 gezek amala aşyrylýan Stambul gatnawlary ýaly käbir gatnawlar dowam eder. Russiýanyň hökümet başlygynyň orunbasary Tatiana Golikowa wideoaragatnaşyk arkaly amala aşyran metbugat ýygnagynda Russiýa bilen Türkiýäniň arasyndaky uçar gatnawlary barada durup geçdi. Täze görnüşli koronawirus pandemiýasyna garşy öňüni alyş çäreleriniň geçiriljekdigini aýdyp, Russiýa bilen Türkiýäniň arasyndaky  adaty we çarter gatnawlarynyň 15-nji aprel-1-nji iýun aralygynda çäklendiriljekdigini belledi.

Oraza hasaplaýjysy: Agyz Beklenýän we Açylýan wagtlar

Bu ýagdaýy ýakyndan yzarlajakdyklaryny mälim eden Golikowa, pandemiýa bilen baglanyşykly wakalarda oňyn öňe gidişlikler amala aşan halatynda uçuşlaryň kadaly ýagdaýa geljekdigini aýtdy.

Remezan aýy başlady: ilkinji tarawa namazlary okaldy

 

Saýtymyz 1-njilik ornuny has-da berkidýär

 

Ýene-de okaň

Azerbaýjanyň başlyklyk etmeginde Halkara ulag forumynyň ýyllyk sammiti geçirilýär

CNN-iň esaslandyryjysy Ted Terner aradan çykdy

Arap – Ýeňiş ýörişini bezän ahalteke bedewi

“Zaha Hadid Architects” global dizaýn garaýyşlaryny «Ak şäherim Aşgabat» maslahatyna getirýär

Türkmenistanyň wekiliýeti Halkara ulag forumyna gatnaşýar

Prezident Ärdogan: Türkiýe durnukly ösýär