DÜNÝÄ

Türkmenistan Hytaýa iberýän tebigy gazynyň möçberini artdyrar

Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow Aşgabatda iş saparynda bolýan Hytaýyň milli nebitgaz korporasiýasynyň (CNPC) prezidenti, dolandyryjylar geňeşiniň agzasy Hou Siszýun bilen duşuşdy.

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň habar bermegine görä, gepleşikleriň çäginde bar bolan uly mümkinçiligi göz öňünde tutup, häzirki özara gatnaşyklar seljerildi we ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň geljegi barada pikir alyşmak geçirildi.

Iki döwletiň Baştutanlarynyň yzygiderli duşuşyklarynyň we gepleşikleriniň okgunly ösýän türkmen-hytaý gatnaşyklaryna aýratyn itergi berýändigi nygtaldy.

Taraplar Türkmenistan bilen Hytaýyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň iň möhüm meseleleriniň biri ýangyç we energetika pudagydyr diýen pikiri öňe sürdüler.

Şu nukdaýnazardan R.Meredow, türkmen tarapynyň Hytaýa türkmen tebigy gazyň iberilýän möçberini artdyrmak bilen baglanyşykly täze taslamalary durmuşa geçirmek boýunça işlerini dowam etdirmek isleýändigini aýtdy.

Ýene-de okaň

Özbegistan Merkezi Aziýanyň bitewi syýahatçylyk halkasyny döretmegi teklip etdi

Türkmenistanyň ilçisi ABŞ-nyň Döwlet sekretarynyň kömekçisi bilen duşuşdy

Türkmenistanyň ilçisi Rifat Hisarjyklyoglu bilen duşuşdy

TÜRKSOÝ-yň Baş sekretary Döwlet kitaphanasynda myhmançylykda boldy

Türkmenistan bilen Pakistan uçar gatnawlaryny ýola goýmagy maslahatlaşdy

Türkmenistanyň daşary işler ministri TÜRKSOÝ-nyň Baş sekretary bilen duşuşdy