Berkarar döwletiň bagtyýarlyk döwründe hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda işlenilip düzülen Türkmenistanyň daşary syýasat ugrunyň 2017 — 2023-nji ýyllar üçin Konsepsiýasynda halkara we sebitara guramalaryň çägindäki hyzmatdaşlyga möhüm orun degişli. Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň ýurtlary bilen hoşniýetli goňşuçylyk, deňhukuklylyk we özara bähbitlere hormat goýmak ýörelgelerine doly jogap berýän gatnaşyklary ösdürmek Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplyga esaslanýan daşary syýasatynyň netijeli ugurlarynyň biri bolup durýar. 2021-nji ýylyň 15-nji oktýabrynda hormatly Prezidentimiziň Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň döwlet Baştutanlarynyň Geňeşiniň wideoşekilli tertipde geçirilen mejlisine gatnaşmagy “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly” diýip yglan edilen üstümizdäki ýylyň möhüm wakasy boldy.
Milli Liderimiz öz widioşekilli çykyşynda Türkmenistanyň GDA-nyň çäklerindäki ysnyşykly gatnaşyklary dowam etdirmäge doly taýýardygyny belledi. Şeýle-de Garaşsyz baky Bitarap Türkmenistanyň özüniň dostlary we hyzmatdaşlary üçin hemişe açykdygyny nygtady.
Çärýek asyrdan-da gowrak wagtyň dowamynda GDA-da syýasy-diplomatik iş, howpsuzlyk meseleleri, ykdysadyýet, energetika, ulag, ekologiýa, oba hojalygy we azyk howpsuzlygy, ylym-bilim, medeniýet, sport, syýahatçylyk ýaly ugurlar boýunça hyzmatdaşlygyň oňyn tejribesi toplanyldy. Türkmenistanyň 2012-nji hem-de 2019-njy ýyllarda Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygyna üstünlikli başlyklyk etmegi Arkalaşyga girýän ýurtlaryň netijeli gatnaşyklaryny has-da pugtalandyrmaga, täze gatnaşyklary ýola goýmaga hem-de bilelikdäki işiň uly kuwwatyndan has netijeli peýdalanmaga mümkinçilik berdi.
Hormatly Prezidentimiz Arkalaşygyň hökümet Baştutanlarynyň Geňeşiniň 2019-njy ýylyň 31-nji maýynda Aşgabatda geçen mejlisinde eden çykyşynda şeýle belledi:
«Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygy özboluşly, köp babatda ýeke-täk bileleşik bolmak bilen, häzirki wagtda täze syýasy we ykdysady şertlerde öz işini amala aşyrýar, bu ýagdaýlar ählumumy ösüş meýilleri bilen şertlendirilendir. Şunuň bilen baglylykda, biziň çuňňur ynamymyza görä, häzirki zaman dünýäsinde bolup geçýän hadysalar oýlanyşykly, düýpli seljermäni talap edýär. Munuň özi dünýä syýasatynda we ykdysadyýetinde bolup geçýän üýtgeşmelere degişli derejede hem-de öz wagtynda seslenmek, Arkalaşygyň çäklerinde işleriň esasy ugurlarynyň ösüşine anyk çemeleşmeleri kesgitlemek üçin zerurdyr». Türkmenistanyň Baştutany bu pikirini Arkalaşygyň soňky sammitinde hem ösdürdi, baýlaşdyrdy.
Arkalaşygyň hökümet Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisiniň jemleri boýunça wajyp resminamalara, şol sanda 2030-njiy ýyla çenli döwür üçin GDA döwletleriniň innowasion hyzmatdaşlygy boýunça Döwletara maksatnama gol çekildi. Bu resminamalaryň durmuşa geçirilmegi GDA döwletleriniň milli innowasion giňişliginiň ösüşine güýçli itergi berer.
Arkadag Prezidentimiziň ýolbaşçylygynda hemişelik Bitarap döwlet hökmünde Türkmenistan GDA döwletleriniň arasynda ynamy we özara düşünişmegi berkitmek, durnuklulygy we howpsuzlygy goldamaga gönükdirilen başlangyçlara ýardam etmek, Arkalaşyga agza döwletleriň daşary syýasat edaralarynyň arasynda hyzmatdaşlygy ýola goýmak bilen syýasy-diplomatik gatnaşyklary güýçlendirmek çärelerine uly üns berýär. Şeýle hem Durnukly ösüş maksatlaryna gönükdirilen wajyp başlangyçlary GDA-nyň çäklerinde amala aşyrmagy üns merkezine saklaýar
2019-njy ýylda Türkmenistanyň GDA başlyklyk etmeginiň çäginde 11-nji oktýabrda türkmen paýtagtynda üstünlikli geçirilen GDA-nyň döwlet Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisi taryhy ähmiýetli waka boldy. Aşgabat sammitinde kabul edilen resminamalarda hormatly Prezidentimiziň öňe süren başlangyçlary öz beýanyny tapdy. Olaryň iň möhümi GDA agza döwletleriň Strategik Ykdysady Hyzmatdaşlygy hakyndaky Jarnamadyr. 10 sany wezipeden, 21 sany ileri tutulýan ugurdan ybarat bolan bu resminamanyň Türkmenistanyň başlangyjy boýunça kabul edilendigi aýratyn nygtalmaga mynasyp. Resminamanyň özenini hormatly Prezidentimiziň global ykdysadyýetiň örän çalt üýtgeýän şertlerinde GDA-nyň beýleki döwletler, sebitara we halkara birleşikler bilen utgaşykly hyzmatdaşlygyny giňeltmek, düzümiň çägindäki utgaşygy sebit derejesinden yklym, hatda halkara derejä çykarmak, innowasiýalaryň, sanly hyzmatdaşlygyň häsiýetini däp bolan ugurlardan geljegi uly bolan ugurlara çykarmak ýaly, maksatnamalaýyn garaýyşlary düzdi.
2019-njy ýylda Türkmenistan GDA başlyklyk etmeklik wezipesini örän ýokary, guramaçylykly taýýarlyk derejesinde geçirdi Muny döwlet Baştutanlarynyň ählisi biragyzdan tassykladylar. 2020-nji ýylda başlyklygy öz üstüne alan doganlyk Özbegistanyň Baştutany Türkmenistanyň Prezidentiniň Arkalaşyga ýolbaşçylyk etmegiň derejesini şeýle bir ýokary derejä galdyrandygyny belläp, özlerine bu tejribäniň ugur alyş nokady bolup hyzmat etjekdigini aýtdy.
2020-nji ýylyň 10-njy dekabrynda Özbegistanyň başlyklyk etmeginde GDA-a gatnaşyjy döwletleriň Daşary işler ministrleriniň Geňeşiniň mejlisi göni aragatnaşyk ulgamy arkaly geçirildi. 2021-nji ýyl üçin Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň çäklerinde Daşary işler ministrlikleriň arasynda köpderejeli syýasy geňeşmeleriň Meýilnamasy ara alyp maslahatlaşyldy. Onuň netijesinde, 2021-nji ýyl üçin GDA-nyň çäklerinde Daşary işler ministrlikleriň arasynda köpderejeli syýasy geňeşmeleriň Meýilnamasy hakynda; Birleşen milletler Guramasynyň döredilmeginiň 75 ýyllygy mynasybetli Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygyna gatnaşyjy döwletleriň Baştutanlarynyň Bilelikdäki beýannamasynyň taslamasy hakynda; Halkara maglumat howpsuzlygyny üpjün etmek babatda hyzmatdaşlyk etmek barada Arkalaşyga gatnaşyjy döwletleriň Baştutanlarynyň Bilelikdäki beýannamasynyň taslamasy hakynda; Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynda 2022-nji ýyly halk döredijiliginiň hem-de medeni mirasyň ýyly, 2023-nji ýyly-milletara aragatnaşygyň dili hökmünde rus diliniň ýyly diýip yglan etmek hakynda Çözgütlerine gol çekdiler. Bu köpugurly resminamalaryň ählisi Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň çäklerinde öňden gelýän netijeli dostlukly gatnaşyklary ösdürmäge gönükdirilip, sebitiň halklarynyň hoşniýetli, dostlukly gatnaşyklaryny has-da berkitmäge gönükdirildi.
2021-nji ýylyň 15-nji oktýabrynda Belarus Respublikasynyň başlyklygyndaky Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň döwlet Baştytanlarynyň Geňeşiniň wideomejlisi ýylyň esasy wakalarynyň biri bolmak bilen, Arkalaşygyň çägindägi köpugurly gatnaşyklary ösdürmäge uly mümkinçiliklere ýol açar. Arkadag Prezidentimiziň ýolbaşçylygynda hemişelik Bitaraplyk ýörelgelerine eýerýän Türkmenistanyň dünýä döwletleri we abraýly halkara guramalar bilen konstruktiw hyzmatdaşlyk taglymatlaryna esaslanan syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady we medeni-gumanitar ugurlar boýunça netijeli gatnaşyklaryň has-da giňejekdigine we ösjekdigine ynanýarys.
Täçnabat Paýtykowa,
Türkmenistanyň DIM-niň Halkara gatnaşyklary
institutynyň uly mugallymy.