BIZNES

«Türkmenistan» döwlet täjirçilik banky: täze möhletli goýum hödürleýär

Türkmenistanyň «Türkmenistan» döwlet täjirçilik banky şanly Garaşsyzlygymyzyň 31 ýyllygy mynasybetli ýurdumyzyň raýatlaryna erkin pul serişdelerini amatly şertlerde ýerleşdirmek üçin «Garaşsyzlygyň ýalkymy» atly täze möhletli goýumyny hödürleýär.

Bu möhletli goýum ýyllyk 8% bilen 6 (alty) aý möhlete we ýyllyk 11% bilen 12 (on iki) aý möhlete açylýar, goýumyň iň az möçberi 1 000 (bir müň) manat bolup, aňryçäk möçberi çäklendirilmedik. Pul serişdeleri nagt görnüşinde kabul edilýär we goýumyň üsti doldurylmaýar, şeýle hem göterimler her aýda hasaplanyp tölenýär.

Hormatly raýatlar! Bu täze goýumyň 2022-nji ýylyň 1-nji sentýabryndan başlap, 30-njy sentýabryna çenli açylýandygyna ünsüňizi çekýäris.

«Garaşsyzlygyň ýalkymy» atly möhletli goýum her bir raýat üçin amatlydyr we ygtybarlydyr.

Giňişleýin maglumat almak üçin bankyň ýörite sorag-jogap gullugyna, şeýle hem internet sahypasyna ýüz tutup bilersiňiz.

Telefon belgimiz: (+993 12) 44-03-04.

Internet sahypamyz: www.tnbk.tm

Ýene-de okaň

Türkmenistan Azerbaýjanyň iň iri gaz üpjünçisi bolmagynda galýar

“EKSPO-2027”: “Türkmenistan-parahatçylygyň owazy, saglygyň mekany” diýen şygar bilen gatnaşar

2026-njy ýylda Türkmenistanyň nebitgaz pudagynda iri taslamalary durmuşa geçirmek meýilleşdirilýär

Türkmenistanda ýasy ýaprakly senna tohumyndan kofe taýýarlandy

Türkmenistanda iki aýda jemi içerki önümiň ösüşi 6,3 göterim artdy

Tejen şäherinde döwrebaplaşdyrylan awtomenzil ulanylmaga berildi