JEMGYÝET

Türkmenistan Brýussel şäherindäki ulag forumyna gatnaşar

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň Baş direktory M.Çakyýew şu ýylyň 29-30-njy ýanwarynda Belgiýa Patyşalygynyň Brýussel şäherinde geçiriljek Ýewropa bilen Merkezi Aziýanyň arasynda durnukly ulag arabaglanyşygy boýunça “Global Gateway” maýa goýum forumyna türkmen wekiliýetiniň gatnaşmagyna taýýarlyk görlüşi barada hasabat berdi. Çäräniň çäklerinde Ýewropanyň birnäçe kompaniýalary bilen hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaga we ulag ulgamynda bilelikdäki taslamalary durmuşa geçirmäge gönükdirilen gepleşikleri, işewürlik duşuşyklaryny geçirmek göz öňünde tutulýar.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, ýurdumyzyň ulag ulgamyny ösdürmek üçin ähli zerur şertleriň döredilýändigini, bu ugurda halkara guramalar bilen degişli işleriň geçirilýändigini belledi. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz Brýussel şäherinde geçiriljek Ýewropa bilen Merkezi Aziýanyň arasynda durnukly ulag arabaglanyşygy boýunça maýa goýum forumyna ýurdumyzyň wekiliýetiniň gatnaşmagyny üpjün etmegiň zerurdygyny aýdyp, forumyň çäklerinde «Türkmenistanyň ulag toplumynyň maýa goýum mümkinçilikleri» atly plenar ýygnagy ýokary guramaçylyk derejesinde geçirmegi tabşyrdy.

Ýene-de okaň

Türkmen döwlet maliýe institutyna täze rektor bellendi

Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş institutyna täze rektor bellendi

Türkmenistanyň Prezidenti Braziliýanyň Baştutanyny diplomatik gatnaşyklaryň 30 ýyllygy bilen gutlady

Türkmenistanyň başlangyjy bilen “Merkezi Aziýa+ASEAN” formatyny dörediler

Atagulyýew: Türkmenistan ulag geçelgeleriniň ösüşine aýratyn ähmiýet berýär

İlham Aliýew TDG-niň hökümet baştutanlary bilen duşuşdy